UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 2017/18 möw­sü­mi­niň fi­nal­çy­la­ry bel­li bol­dy. 26-njy maý­da
Ki­ýew­de oý­nal­jak fi­nal­da soňky 2 ýylyň çempiony, umumylykda-da 12 gezek gazanan “Re­al Mad­rid” bi­len ýa­ryş­da 5 sa­par ýe­ňi­ji bo­lan “Li­wer­pul” toparlary du­şu­şar­.

Ger­ma­ni­ýa­dan ýe­ňiş (2–1) bi­len do­la­nan “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Ba­wa­ri­ýa” bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. “Santiago Bernabeudaky” duşuşygyň eý­ýäm 3-nji mi­nut­ynda Jo­şua Kim­mih ne­mes­le­ri öňe çy­kar­dy. Bu gol ola­ryň ýa­rym fi­na­la bo­lan yna­my­ny has-da art­dyr­dy. Ýö­ne köp wagt­dan bä­ri gol ge­çi­rip bil­me­ýän Ka­rim Ben­ze­ma 11-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Bu 1-nji ýa­rym­da­ky soň­ky gol bol­dy (1–1). Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my­na ýer eýe­le­ri gol bi­len baş­la­dy. Ko­ren­tin To­lis­so­nyň yza be­ren pa­sy der­we­ze­çi Swen Ul­rei­hi ju­da al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa sal­dy. Ol to­py ne urup bil­di, ne-de sak­lap. Pur­sat­dan peý­da­la­nan Ka­rim Ben­ze­ma tä­lim­çi­si Zi­da­nyň özü­ne bil­di­ren yna­my­na ýe­ne bir gol bi­len jo­gap ber­di. Bu go­luň tä­si­rin­den ha­las bo­lan “Ba­wa­ri­ýa” hü­jüm ba­ry­ny ge­çi­rip baş­la­dy. Şo­la­ryň bi­rin­de, has ta­ky­gy, 63-nji mi­nut­da “Re­al Mad­ri­diň” “Ba­wa­ri­ýa­da” kä­ren­de­si­ne oý­na­ýan fut­bol­çy­sy Ha­mes Rod­ri­ges ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da hü­jüm­le­ri­ni has-da ýyg­jam­laş­dy­ran “Ba­wa­ri­ýa” to­pa­ry­na 3-nji go­ly ge­çir­mek ba­şart­ma­dy. Şeý­le­lik­de, “Ba­wa­ri­ýa” bas­syr 5-nji ge­zek (2013/14 möw­sü­min­den bä­ri is­pan to­par­la­ry ta­ra­pyn­dan ýa­ryş­dan çy­ka­ryl­dy (4-si ýa­rym fi­nal­da). Ku­bo­gy 3-nji ge­zek go­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik alan “Re­al Mad­rid” 16-njy ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. “Re­al Mad­rid” to­pa­ry Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1992/93 möw­sü­min­den bä­ri) yz­ly-yzy­na 3-nji ge­zek fi­na­la çy­kan 3-nji to­par bol­dy.

“En­fild Ro­ad­da” 5–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” üçin jo­gap du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňil geç­me­jek­di­gi bel­li­di. Çär­ýek fi­nal­da “Bar­se­lo­na­ny” ýa­ryş­dan çy­ka­ran “Ro­ma” şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da öz meý­dan­ça­syn­da gol ge­çirt­män gel­ýär­di. Ýö­ne rim­li­ler 8-nji mi­nut­da bu de­re­je­si­ni ýi­tir­di. Rad­ža Naing­go­la­nyň ýal­ňyş­lyk bi­len to­py “li­wer­pul­ly­la­ra” ber­me­gin­den soň, Fir­mi­no­nyň pa­sy­ny alan Sa­dio Ma­ne ha­sa­by aç­dy. 15-nji mi­nut­da Alek­sandr-Ar­nold to­py der­we­zä­niň al­ky­myn­dan daş­laş­dyr­mak­çy bo­lan­da, top Jeýms Mil­ne­riň kel­le­si­ne de­gip, to­ra gir­di we ha­sap deň­len­di. 25-nji mi­nut­da Ge­or­gi­nio Wiý­nal­dum myh­man­la­ry öňe çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­myň 6-njy mi­nu­tyn­da, has ta­ky­gy, 52-nji mi­nut­da Edin Je­ko ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky bas­syr 5-nji go­lu­dyr. 84-nji mi­nut­da Naing­go­lan uzak ara­lyk­dan owa­dan ur­gy bi­len to­pa­ry­ny öňe saý­la­dy. Onuň 90+4-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den ge­çi­ren go­ly “Ro­ma­nyň” fi­na­la çyk­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy (4–2). Umu­my ha­sap­da 7–6 ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” 11 ýyl­dan soň, 8-nji ge­zek UEFA-nyň iň uly bäs­le­şi­gin­de fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.