Formula 1 boýunça möwsümiň 4-nji ýaryşy Azerbaýjan “Gran Prisinde” “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton şu ýylky ilkinji ýeňşini gazandy. Ol paýtagt Baku şäheriniň köçelerinde geçirilen 51 aýlawlyk ýaryşa 2-nji hatardan başlady. Eýýäm ilkinji aýlawda howpsuzlyk ulagy trassa girmeli boldy. 6-njy aýlawa çenli trassada galan howpsuzlyk ulagy 40-njy aýlawda “Red Bulluň” sürüjileriniň kiçeňräk çaknyşygyndan soň, ýene-de trassa dolandy. Şol pursatda abatlaýyş nokadyna gelen “Mercedes” toparyndan finlýandiýaly Waltteri Bottas 1-nji orna geçdi. 49-njy aýlawda-da Bottasyň ulagynyň tekeri ýaryldy. Şondan soň ýaryş kerweniniň iň öňüne geçen Lewis Hamilton 51 aýlawy 1 sagat 43 minut 44,291 sekuntda tamamlap, şu ýylky ilkinji, karýerasyndaky 63-nji ýeňşini gazandy. Ondan 2,46 sekunt yza galan “ferrarili” Kimi Raikkonen 2-nji, “Force India” toparyndan meksikaly Serhio Perez 3-nji ýeri eýeledi. Ilkinji hatardan ýaryşa başlan Sebastian Wettel (“Ferrari”) 4-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy. 6-njy ýeri eýelän Şarl Lekler (“Sauber”) bilen 10-njy bolup, ýaryşy tamamlan Brendon Hartli (“Toro Rosso”) karýeralaryndaky ilkinji F1 utuklaryny gazandylar.
Bu ýaryşdan soň, utugyny 70-e ýetiren Hamilton sanawda 1-nji basgançaga beýgeldi. 66 utukly Wettel 2-nji, 48 utuk toplan Raikkonen 3-nji ýerde barýar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 13-nji maýda Barselonada geçiriler.