Dünýä çempionatynyň rekordlary

Dün­ýä Ku­bo­gy­ny iň köp ga­za­nan oýun­çy bra­zi­li­ýa­ly ro­wa­ýa­ty oýun­çy Pe­le­dir. Ol 1958-nji, 1962-nji (şi­ke­si se­bäp­li çem­pio­na­tyň ag­ram­ly bö­le­gin­de oý­nap bil­me­di) hem-de 1970-nji ýyl­lar­da al­tyn me­da­ly boý­nu­na dak­ýar.
7 sa­ny fut­bol­çy 3 me­dal gör­nü­şi­ni-de ga­zan­dy. Frans Bek­ken­ba­ur, Ýur­gen Gra­bows­ki, Horst-Die­ter Hött­ges, Sepp Ma­ýer, Wolf­gang Owe­rat da­gy Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa bi­len 1966-njy ýyl­da kü­müş, 1970-nji ýyl­da bü­rünç, 1974-nji ýyl­da-da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ita­li­ýa­ly Fran­ko Ba­re­zi hem mil­li to­pa­ry bi­len 1982-nji ýyl­da çem­pi­on­ly­gy, 1990-njy ýyl­da 3-nji ýe­ri, 1994-nji ýyl­da-da 2-nji or­ny eýe­le­di. Ger­ma­ni­ýa­ly Mi­ros­law Klo­ze 3 gör­nüş me­dal­dan 4 sa­nysy­ny ga­za­nan ýe­ke-täk fut­bol­çy­dyr. Ol 2002-nji ýyl­da kü­müş, 2006-njy we 2010-njy ýyl­lar­da bü­rünç, 2014-nji ýyl­da-da al­tyn me­dal ga­zan­dy.
Hem oýun­çy­ka, he­mem tä­lim­çi­lik­de çem­pi­on­lyk ga­zan­mak di­ňe bra­zi­li­ýa­ly Ma­rio Za­gal­lo bi­len ger­ma­ni­ýa­ly Frans Bek­ken­baue­re ba­şart­dy. Za­gal­lo 1958-nji we 1962-nji ýyl­lar­da oýun­çy­ka, 1970-nji ýyl­da-da tä­lim­çi hök­mün­de ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­di. Bek­ken­bauer bol­sa, 1974-nji ýyl­da oýun­çy, 1990-njy ýyl­da-da tä­lim­çi bo­lup, Dün­ýä­niň çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­di.
Oýun­çy hem tä­lim­çi bo­lup, Dün­ýä çem­pio­na­ty­na iň köp gat­na­şan­lar: bra­zi­li­ýa­ly Ma­rio Za­gal­lo (oýun­çy 1958, 1962; tä­lim­çi 1970, 1974, 1998), Gün­ba­tar ger­ma­ni­ýa­ly Frans Bek­ken­bauer (oýun­çy 1966, 1970, 1974; tä­lim­çi 1986, 1990), Gün­ba­tar ger­ma­ni­ýa­ly Ber­ti Fogts (oýun­çy 1970, 1974, 1978; tä­lim­çi 1994, 1998).
Ita­li­ýa­ly Wit­to­rio Poz­zo Dün­ýä Ku­bo­gy­ny 2 ge­zek (1934, 1938) ga­za­nan ýe­ke-täk tä­lim­çi­dir.
Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nan tä­lim­çi­le­riň äh­li­si-de öz ýurt­la­ry­nyň ýy­gy­ndy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si hök­mün­de ku­bo­gy eýe­le­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, baş­ga bir ýurt­ly tä­lim­çi, baş­ga bir ýur­duň ýy­gyn­dy­sy­na ku­bok ga­zan­dy­ryp bilme­di.
Dün­ýä çem­pio­na­tla­ryn­da iň köp çy­kyş eden fut­bol­çy­lar mek­si­ka­ly An­to­nio Kar­ba­hal (1950–54–58–62–66) bi­len ger­ma­ni­ýa­ly Lot­tar Mat­te­us­dyr (1982–86–90–94–98). Ola­ryň 2-si hem fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­na 5 ge­zek gat­naş­dy. Şeý­le-de ita­li­ýa­ly Jan­lui­ji Buf­fon hem 5 çem­pio­na­ta gat­naş­dy (1998–2002–06–10–14). Ýö­ne ol 1998-nji ýyl­da çem­pio­nat­da hiç hi­li çy­kyş et­medi.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren oýun­çy ger­ma­ni­ýa­ly Lot­tar Mat­te­us bo­lup (1982–1998), ol 25 du­şu­şyk­da meý­dan­ça çyk­dy.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp mi­nut­lap çy­kyş eden oýun­çy ita­li­ýa­ly Pao­lo Mal­di­ni bo­lup (1990–2002), ol 2217 mi­nut meý­dan­ça­da bol­dy.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ka­pi­tan hök­mün­de iň köp du­şu­şy­ga çy­kan fut­bol­çy ar­gen­ti­na­ly Die­go Ma­ra­do­na bo­lup, ol ka­pi­tan­lyk ba­gy­ny 16 du­şu­şyk­da gö­ter­di.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­yň fi­nal duşuşygyn­da iň köp oý­nan oýun­çy bra­zi­li­ýa­ly Kar­los Ka­fu bo­lup, ol 3 ge­zek mu­ny ba­şardy (1998, 2002, 2006).
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan oýun­çy ger­ma­ni­ýa­ly Mi­ros­law Klo­ze bo­lup, ol to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­za­nan 17 du­şu­şy­gyn­da oý­na­dy.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­na­lyn­da iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­lar bra­zi­li­ýa­ly Wa­wa (1958 — 2, 1962 — 1) bi­len Pe­le (1958 — 2, 1970 — 1), ang­li­ýa­ly Jeoff Hurts (1966 – 3) hem-de fran­si­ýa­ly Zi­ne­din Zi­dan­dyr (1998 — 2, 2006 — 1). Ola­ryň 4-si hem fi­nal oýun­la­ryn­da 3 gol ge­çir­di.