Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagat taýdan has-da kuwwatlandyrmaga gönükdirilen işler ýokary depginde alnyp barylýar. Muňa ýurdumyzda giň gerimde gurluşygy alnyp barylýan hem-de gurulmagyna ak pata berlen senagat ähmiýetli desgalar aýdyň subutnama bolup durýar.

hal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da tä­ze döw­re­bap dok­ma top­lu­my­nyň düý­bi tu­tul­dy. Bu des­ga “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de gu­rul­ýar we eks­por­ta gö­nük­di­ri­len mö­hüm des­ga­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen iri se­na­gat top­lu­my ýyl­da ýüp­lü­giň 3 müň 300 ton­na­sy­ny, şon­dan taý­ýar­la­nan ma­ta­la­ryň 20 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni, şol san­da bo­ýa­lan ma­ta­la­ryň 18 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni hem-de 3,5 mil­li­on taý­ýar dokma önüm­le­ri­ni ön­dü­rer.
Bu do­kma kär­ha­na­syn­da pag­ta sü­ýü­mi gaý­ta­dan iş­le­nip, önüm­çi­lik işi taý­ýar önüm ön­dür­mek kuw­wat­ly­gy­na çen­li al­nyp bar­lar. Bu kär­ha­na­da otur­dyl­jak hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ha­sa­by­na dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­le­şip bil­jek ýo­ka­ry hi­lli dok­ma önüm­le­riň önüm­çi­li­gi giň ge­rim­de ýo­la goý­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň mart aýyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta­­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen şu­nuň ýa­ly dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­lip­di. In­çe sü­ýüm­li pag­ta ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­riň örän uly is­leg bil­dir­ýän dür­li gör­nüş­li ýo­ka­ry hil­li dok­ma önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi üçin gym­mat­ly te­bi­gy çig mal bo­lup dur­ýar.
Dok­ma pu­da­gy­nyň Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da­ky se­na­gat des­ga­la­ry Tür­ki­ýä­niň “Cotam En­terp­ri­ses Ltd.” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edi­ler.

Bu kom­pa­ni­ýa ýur­du­my­zyň köp ýyl­lar­dan bä­ri yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy bo­lup, köp san­ly dok­ma top­lum­la­ry­ny gur­dy, ola­ryň ara­syn­da Gök­de­pä­niň we Baý­ra­ma­ly­nyň dok­ma top­lum­la­ry, Aş­ga­bat dok­ma top­lu­my­nyň Büz­me­ýin­ etrabyndaky pag­ta eg­ri­ji fab­ri­gi hem-de pu­da­gyň beý­le­ki kär­ha­na­la­ry bar.
Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da­ky da­ba­ra dok­ma se­na­ga­ty­nyň pu­dak dü­züm­le­ri­niň, we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler, ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy­lar. Ola­ry bu şan­ly wa­ka bi­len gut­la­mak üçin Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry gel­di­ler.
Da­ba­ra my­na­sy­bet­li owa­dan be­ze­len meý­dan­ça­da dok­ma se­na­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. On­da “Ma­de in Turk­me­nis­tan” di­ýen ny­şan bi­len dün­ýä­niň köp döw­let­le­ri­ne ibe­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ryň we önüm­le­riň giň ge­ri­mi gör­ke­zil­ýär.
We­la­ýa­tyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­dä­ki aý­dym-saz­ly, tans­ly çy­kyş­lar hem-de ýaş tür­gen­le­riň gör­kez­me çy­kyş­la­ry wa­ka­nyň baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni art­dyr­dy.
2021-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ri­len Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da­ky dokma pudagynyň tä­ze des­ga­la­ry­ da­şa­ry ýurt­la­rda uly isleg bildirilýän gym­mat­ly in­çe sü­ýüm­li pag­ta­dan ön­dü­ri­len ma­ta­la­ryň eskport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra we myh­man­la­ra ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gyn­da ga­za­nylan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da­ky wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Gör­ke­zi­len ma­ket­de “Cotam En­terp­ri­ses Ltd.” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti­niň orun­ba­sa­ry ha­nym Se­da Gen­gu­ru düý­bi tu­tul­ýan pu­da­gyň gel­jek­ki kär­ha­na­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri, onuň dün­ýä de­re­je­li ön­dü­ri­ji­le­riň iň tä­ze en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da iç­gin gür­rüň be­rip, kom­pa­ni­ýa­nyň üs­tü­ne alan hyz­mat­daş­lyk borç­na­ma­la­ry­ny öz wag­tyn­da hem-de ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Hal­kyň saý­lan­la­ry­nyň adyn­dan Mej­li­siň de­pu­ta­ty Ser­dar Berdimuhamedow çy­kyş et­di. Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyl­ma­gy bi­len gut­lap, se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mä­ge, hal­kyň dur­muş taý­dan üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iri möç­ber­li öz­gert­me­le­ri hem-de düýp­li tä­ze­le­niş­le­ri bel­le­di.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň we myh­man­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da tä­ze gur­lu­şy­gyň bin­ýa­dy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken gu­tu­jy­gy go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýe­ne-de bir mö­hüm des­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na da­ba­ra­ly ba­dal­ga be­ril­di. Bu des­ga mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­port ugur­ly öň­de­ba­ry­jy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­niň önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­rer.

Begenç BABAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.