Tutuş ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygyna bagyşlanyp, köp sanly çäreler geçirildi we uruşda wepat bolan gahrymanlaryň ýagty ýadygärlikleri hormatlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk Gutlagynda: “Uruş ýyllarynda Türkmenistan frontuň ygtybarly daýanç merkezine öwrüldi.
Türkmenistanyň ähli ilaty beýik ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Müňýyllyklaryň dowamynda watansöýüji, namys-arly, öýüň ojagyny öçürmän saklaýan asylly maşgalalar hökmünde özlerini dünýä tanadan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny meýletinlik bilen tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler” diýlip bellenilýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda täze ösüşlere gadam urýan ýurdumyzda uruş weteranlarynyň we urşuň yzynda galan ene-mamalarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin köp sanly ýeňillikler döredilýär. Her ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda olar hormatlanyp, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýarlar.
9-njy maý güni paýtagtymyz Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlary we din wekilleri, hormatly il ýaşululary, talyp ýaşlar, frontçy gahrymanlaryň ogullarydyr gyzlary, agtyklary we çowluklary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Uruş weteranlary, şeýle hem tylda ýeňşe garaşyp, gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekenler şu günki dabaranyň gahrymanlary boldular. Dabaraly ýagdaýda “Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiziň adyndan gül çemenleri goýuldy. Soňra gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine tagzym etmäge gelen uruş weteranlary we beýleki myhmanlar gül desselerini goýdular. Sanlyja minutlardan ajaýyp güller ýadygärligiň bezegine öwrüldi.
Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda gül goýmak dabaralary boldy we däp bolan sadakalar berildi. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylýan ýylda Ýeňiş güni mynasybetli guralan medeni çäreler biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrar.