Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz iri hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Öňü­miz­dä­ki ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy ýakylar. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýän döw­ür­de Aş­ga­bat­da ýe­ne-de bir uly hal­ka­ra sport bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­ýär. Ol hem sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­dyr. Düýn paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň 5 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen ba­şa-baş we sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça sport top­lu­my köp adam­ly bol­dy.

Bu ýe­re Azi­ýa­nyň 22 döw­le­tin­den tür­gen­ler­den, žur­na­list­ler­den, tä­lim­çi­ler­den, hü­när­men­ler­den yba­rat bo­lan to­par­lar ýyg­nan­dy. 500-e go­laý myh­ma­nyň bir ýe­re jem­len­me­gi bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Er­kek­ler, aýal­lar we ýet­gin­jek­ler sam­bo­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­ýun­ça baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­mek üçin bäs­le­şer­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, spor­tuň bu gör­nü­şi Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di. Öň­de bol­jak yk­lym de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­lar sy­nag bäs­le­şik­le­ri bo­lup dur­ýar. Olar di­ňe türk­men tür­gen­le­ri­niň taý­ýar­ly­gy­ny däl-de, eý­sem, bi­ziň hü­när­men­le­ri­mi­ziň gu­ra­ma­çy­lyk uky­by­ny, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işi­ni hem kes­git­lär.
Sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da hyz­mat et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň 16 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 400-den gow­rak meý­le­tin­çi saý­la­nyp alyn­dy. Ola­ry saý­lap al­mak­da­ky esa­sy gör­ke­zi­ji­ler – iň­lis di­li­ni bil­mek­le­ri, il­kin­ji kö­me­gi ber­mek uky­by, yh­las­ly­ly­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne we sporta bo­lan hö­wes­li­li­gi göz öňün­de tu­tul­dy. Äh­li meý­le­tin­çi­ler des­lap­ky okuw­dan ge­çi­ril­di we Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň des­ga­la­ry­nyň iş­le­ýiş ter­ti­bi bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Bu ýa­ryş Azia­da-2017-ä taý­ýar­lyk gör­mek­de, Türk­me­nis­tan­da bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýan olim­pi­ýa he­re­ke­tin­de mö­hüm tap­gyr bol­dy.
Bu çem­pio­na­ty­ň öň ýa­nyn­da emin­le­riň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da türk­men hü­när­men­le­ri sam­bo bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da ba­dal­ga alan Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň bar­şy­na emin­li­gi üp­jün et­mek üçin öz bi­lim de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­dy­lar. Mas­la­ha­ty ge­çir­mek üçin Hal­ka­ra sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň esa­sy hü­när­men­le­ri Ýew­ge­niý Se­li­wa­now we Alek­sandr Pol­ýa­kow, Rus­si­ýa­nyň emin­ler kol­le­gi­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Bo­ris So­wa ça­gy­ryl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2013-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da sam­bo bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa çem­pio­na­ty ge­çi­ri­lip­di.

«Zaman–Türkmenistan».