Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Ba­zar Ama­now adyn­da­ky döw­let ça­ga­lar ki­tap­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, re­žiss­ýor we dra­ma­turg Ba­zar Ama­no­wyň dog­lan gü­nü­niň 110 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra ýur­du­my­zyň bel­li ar­tist­le­ri, Ba­zar aga­nyň ça­ga­la­ry­dyr hos­sar­la­ry, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry we baş­ga-da bir­nä­çe myh­man­lar gat­naş­dy­lar.
Us­sat ha­ly­pa­nyň ha­ty­ra­sy­na gu­ra­lan da­ba­ra­ny ki­tap­ha­na­nyň iş­gär­le­ri açyp, Ba­zar Ama­no­wyň ady­ny gö­ter­ýän ki­tap­ha­na­da şeý­le da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne gu­wan­ýan­dyk­la­ry­ny uly buý­sanç bi­len bel­le­di­ler.
Soň­ra us­sat akt­ýor, gör­nük­li dra­ma­turg, ze­hin­li re­žiss­ýor Ba­zar Ama­no­wyň gy­zy, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry, bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry Ma­ral Ama­no­wa çä­rä­ni gu­ran­la­ra min­net­dar­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, ýyg­na­nan­la­ra da­ba­ra gat­na­şan­dyk­la­ry üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Oraz­gül Ap­ba­so­wa, Wel­my­rat Ama­now, Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, Mu­ham­met­gu­ly Ka­sy­mow we baş­ga-da bir­nä­çe ar­tist­ler çy­kyş edip, Ba­zar Ama­no­wyň dur­mu­şy, dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler, bu sah­na us­sa­dy­nyň öz­le­ri­ne ha­ly­pa­lyk eden döw­rün­de bo­lup ge­çen gy­zyk­ly wa­ka­la­ry ýat­la­dy­lar.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry dra­ma­turg Ba­zar Ama­no­wyň dö­re­den dra­ma eser­le­rin­den par­ça­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, de­giş­me sah­na­la­ry bi­len çy­kyş edip, myh­man­la­ra he­zil ber­di­ler.

Maral GURBANGELDIÝEWA.