Awstraliýaly bilermenler sportuň intellektual görnüşleriniň adam ömrüniň dowamlylygyna nähili täsir edýändigini aýdyňlaşdyrmagy ýüregine düwdüler. Barlaglar garaşylmadyk netijäni berdi. Alymlar eýýäm, köpden bäri çylşyrymly sport şikesleri ýaly halatlardan daşgary, türgenleriň adaty adamlara garanyňda, uzak ýaşaýandygyny öňe sürýärdiler. Sidneý uniwersitetiniň işgärleri 16 müň küştçüniň terjimehalyny okap, olar beýleki adamlardan 7 ýyl köp ýaşaýarlar diýen netijä geldiler.
Bilermenleriň pikirine görä, küştçüleriň uzak ýaşamagynyň syry, olaryň saýlan hünärine bagly däl hem bolup biler. Ýöne alymlar delilleri inkär edip bolmaz diýýärler. Mundan beýläk bilermenler “akyl üçin türgenleşigiň” muşdaklarynyň uzak ýaşaýanlygynyň syrynyň sebäplerini anyklamagy niýet edinýärler diýip, “Plos” saýtynda habar berilýär.