Mongoliýaly 7 syýahatçy 12 müň kilometrlik Beýik Ýüpek ýoluny düýe kerweni bilen geçmek üçin ýola düşdüler. 2 ýylda Mongoliýadan Londona çenli gitmegi maksat edinen mongol jahankeşdeleri bu çärä gatnaşmak bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine çekmek isleýärler. Jahankeşdeler iki örküçli düýeler bilen Ulan-Batordan Londona çenli aralygy geçmegi göz öňünde tutýarlar.
Toparyň bu syýahaty Ýüpek ýoluny gaýtalamakdan ybarat bolup, olar 15 ýurduň çäginden geçerler. Olara bu gezelenjinde aňyrsy-bärsi görünmeýän giň meýdanlyklar, beýik-beýik daglar, Günüň haýran galdyryjy dogýan we batýan pursatlary garaşýar.
Bu syýahata diňe taýýarlykly jahankeşdeler gatnaşýar. Olar mundan ozal hem köp sanly syýahatçylykly gezelençlere gatnaşypdyrlar. Topar 2022-nji ýylda bellenilen ahyrky menzile barmagy meýilleşdirýär.