Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda Berkarar Watanymyzda ähli ugurlar babatda uly üstünlikleri gazanylyp, ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrylmaga gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýady bolýarys.
Ýurdumyzyň günbatar sebitinde, ýagny gojaman Hazaryň kenaryny boýlap oturan Balkan welaýatynda iş saparynda bolan milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralar hem bu aýdylanlaryň doly subutnamasydyr. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy we Balkanabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň maksatnamasyna nobatdaky täze wajyp binanyň düýbüniň tutuş dabarasy we beýlekiler girizildi.
ÝAŞ TÜRKMENISTANLYLAR ÜÇIN DÖWREBAP DYNÇ ALYŞ MERKEZI
Milli Liderimiz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparyny Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen başlady. Ýurt Baştutanymyz türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sagdyn ösmegine ägirt uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda olar üçin ajaýyp bilim, sport we dynç alyş merkezleri gurulýar.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň başlanýan gününe gabatlanyp, olar üçin täze özboluşly sowgat taýýarlandy. Serdar şäherinde döwrebap dynç alyş merkezi guruldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen “Dürdäne” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýaş türkmenistanlylaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenendir. Ol Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda ýerli hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Bu desga çagalaryň oňat dynç almagy babatda ähli talaplara laýyk gelýär.
Bu iki gatly bina özünde ýatylýan otaglaryň 58-sini birleşdirýär. Bu ýerde oýunlary oýnamak hem-de çagalaryň döredijilik ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen okuw hem-de kompýuter otaglary, 66 orunlyk kinozal we 270 orunlyk mejlisler zaly, çagalar üçin döwrebap oýun awtomatlar bilen üpjün edilen oýun zaly, fitnes-zal, okalga zaly, kitaphana hem-de lukmanlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Naharhanada hem ajaýyp şertler döredilipdir. Onuň binasynda 300 orunlyk naharhana zaly, ähli şertler döredilen aşhana zolagy ýerleşýär. Dürli köpçülikleýin medeni çäreler hem-de dabaralar üçin merkezde 300 orunlyk amfiteatr göz öňünde tutulypdyr. Suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz aýratyn gurulupdyr. Sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açyk meýdançasynda 17,4 x 32,2 metre barabar bolan tomusky suwda ýüzülýän howuz hem bar. Bagtyýar çagalar üçin futbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar, tennis kortlary hem-de dynç alyş meýdançalary guruldy. Öz çagalaryny görmäge gelýän ene-atalar üçin 3 gatly myhmanhana guruldy. Topluma şeýle hem awtoduralga, dürli tehniki otaglar, transformator podstansiýasy we beýleki desgalar girýär.
Döwlet Baştutanymyz “Dürdäne” merkezi bilen tanyşlykdan soňra çagalar sagaldyş merkezine täze awtoulaglaryň, şol sanda 42 orunlyk oňaýly “Yutong” awtobusynyň, “Forland” ýük awtoulagynyň, “Hyundai” sowadyjy awtoulagyň hem-de “Toyota” ýeňil awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.
BALKAN WELAÝATY SENAGAT TAÝDAN ÖSDÜRILÝÄR
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda welaýatdaky işleriň ýagdaýyna garaldy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ýurdumyzda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan guwandyryjy üstünlikler barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň hem geçen çärýek asyrda uly üstünliklere eýe bolandygyny, şu ýylyň I çärýeginde senagat taýdan ösen bu sebitde 3 milliard 723 million manatdan hem gowrak maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan iri desgalar, şol sanda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurulýandygy barada durup geçdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara söz berip, welaýatyň etrapdyr şäherlerinde alnyp barylýan işler barada olaryň hasabatyny diňledi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, käbir ýolbaşçylary özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy, käbir ýolbaşçylara bolsa, berk käýinç yglan etdi. Şeýle hem milli Liderimiz käbir ýolbaşçylary täze wezipä belledi.
Mejlisiň barşynda Milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň “Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Karary barada habar bilen çykyş etdi. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durmuş maksatly möhüm desgalaryň ýene-de biriniň – 200 orunlyk «Awaza» şypahanasynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutuljakdygyny habar berdi. Guruljak özboluşly bu şypahana ýurdumyzda hereket edýän sekizinji şypahana bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki wagtda Baýramalyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahana, «Farap», «Arçman», «Mollagara», «Ýyly suw», «Daşoguz» şypahanalary hem-de Berzeňňidäki kardiologiýa ylmy – kliniki merkezli hassahananyň şypahana bölümi halkymyza döwrebap hyzmat edýär.
SPORT – ADAM SAGLYGYNYŇ GÖZBAŞY
Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän, bu ugurda halkymyza görelde bolýan hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde “Mollagara” şypahanasynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Hormatly Prezidentimiz “Mollagara” şypahanasyna baryp, onuň çägini gözden geçirdi we şypahananyň ajaýyp bejeriş mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerden dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy. Şol ýerde milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi. Döwlet Baştutanymyz deňziň kenarynda saklanyp, welosipedden düşdi we deňiz joşgunlarynyň ajaýyp görnüşlerini synlap, kenar boýunça pyýada gezelenç etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz iň häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes merkezi, sport zallary bolan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz egindeşleri bilen dermanlyk otlardan demlenen çaý başynda ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak işinde bedenterbiýä we sporta uly orun berilýär diýip belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygyň berkidilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, şahsyýetiň özüne bolan erkini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Şunda bolsa, döwlet Baştutanymyz ähli ildeşlerimize sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmakda, sportda, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde aýdyň görelde bolýar.
«Zaman–Türkmenistan».