“Häzirki döwrüň futbolçylary biziň döwrümizdäki toplar bilen oýnasalar, onda olar gaty kösençlik çekerdiler.” Hawa, bu sözler futbolyň şasy Peläniň topuň şu günki günde juda kämil derejelere ýetendigini beýan etmek üçin sarp eden setirleridir. Eýsem, futbolçylar Dünýä çempionatlarynda FIFA-nyň düzgünlerine laýyklykda 220–245 gram agramda bolmaly diýlip kesgitlenilen nähili futbol toplarynda oýnapdyr. Megerem, şu barada käbir zatlary bilmek gyzykly bolsa gerek.

“T-Model” topy “Tiento”-dan ökde çykýar
Mun­dan 88 ýyl ozal, Urug­waý­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça il­kin­ji Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň du­şu­şyk­la­ryn­da dür­li top­lar ula­nylýar. Has ta­ky­gy, şu ýa-da bu top bol­sun di­ýen çäk­len­dir­me ýok ekeni. Urug­waý – 1930 Dün­ýä Ku­bo­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly esa­sy ýat­la­ma­la­ryň bi­ri-de fi­nal­da ula­ny­lan top­lar­dyr. Ýag­ny Urug­waý bi­len Ar­gen­ti­na­nyň ara­syn­da­ky fi­na­lyň 1-nji ýa­ry­my ar­gen­tin­le­riň ge­ti­ren to­py bi­len oý­na­lan bol­sa, 2-nji ýa­rym­da urug­waý­ly­la­ryň to­py ula­nyl­ýar. Ar­gen­tin­ler “Ti­en­to” at­ly pök­gü­si bi­len 2–1 öňe saý­lan­ýar. Netijede, ýer eýeleri 2-nji ýarymda özleriniň “T-mo­del” to­py bi­len 3 gol ge­çi­rip (4–2), il­kin­ji ku­bo­gy eýe­leýär­ler.
“Fe­de­ra­le 102” . Ita­li­ýa – 1934 2-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da ýer­li ECAS at­ly şe­re­ket ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len “Fe­de­ra­le 102” top­la­ry ula­nyl­ýar.
“Al­len”. 1938-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň top­la­ry “Al­len” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar we olar Pa­riž­de ön­dü­ril­ýär. De­ri­den edilen we 13 pa­nel­den yba­rat bu top­la­ryň ýel be­ril­ýän ýe­ri­ne öň­ki pök­gü­ler­de bol­şy ýa­ly, pag­ta­dan ön­dü­ri­len bag­jyk­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir.
“Dup­lo T”. 2-nji Ja­han ur­şy se­bäp­li gal­dy­ry­lan 2 ýa­ryş­dan soň, çem­pio­nat 1950-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. “Su­per­ball” şe­re­ke­ti­niň önü­mi “Dup­lo T” top­la­rynyň ula­ny­lan çem­pio­naty ýer eýe­le­ri üçin ju­da gy­nanç­ly ta­mam­lan­ýar. “Dup­lo T” top­la­ry­nyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy-da bag­jyk­syz bol­ma­gy­dyr. Bu top­lar Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ ujy iň­ňe­li na­sos­lar bi­len ýel be­ril­ýän il­kin­ji pök­gü­ler bol­ýar.
“Swiss World Cham­pi­on”. Şweý­sa­ri­ýa – 1954-de il­kin­ji 18 pa­nel­li pök­gü­ler ula­nyl­ýar. Ba­zel­dä­ki “Kost Sport” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan bu top­la­ra “Swiss World Cham­pi­on” diý­lip at goýu­lýar.
“Top Star” . Şwesiýa – 1958 Dünýä Kubogyny resmi futbol topy 102 sany top görnüşiniň arasyndan saý­la­nyp alyn­ýar. FI­FA-nyň 4 we­ki­li­ tarapyndan Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň to­py hökmünde ýurduň En­gel­holm şä­he­rin­dä­ki de­ri önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän “Sydsvens­ka Lä­der och Rem­fab­ri­ken” fab­ri­gi­niň “Top Star” at­ly sa­ry reňk­dä­ki pök­gisi saýlanýar.
“Crack”. 1962-nji ýyl­da­ky çem­pio­na­tyň top­la­ry “Crack” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Çi­lili işe­wür Za­mo­ra H.-niň fab­ri­ginda ön­dü­ri­len bu toplar çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da ang­li­ýa­ly emin Ken As­to­nyň göw­nü­ne ýa­ramaýar. Ol 2-nji ýa­rym­da mun­dan öň­ki çem­pio­na­tyň to­py bi­len du­şu­şy­gy ta­mam­la­ýar. Umu­man, çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da baş­ga top­lar hem oý­nal­ýar. “Crack” to­py aý­ra­ty­nam ýew­ro­pa­ly­la­ryň göw­nün­den tur­ma­ýar.
“Chal­len­ger 4-Star”. Fut­bo­lyň wa­ta­ny Ang­li­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da sport es­bap­larydyr en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän meş­hur bri­tan şe­re­ke­ti “Sla­zen­ger”-iň “Chal­len­ger 4-Star” at­ly top­la­ry ula­nyl­ýar. 18 pa­nel­li sa­ry ýa-da na­ryn­ç reňk­dä­ki top­lar ne­ti­je­de ýer eýe­le­ri­ne-de şow­lu­lyk ge­tir­ýär.

“ADI­DAS”-yň DÖW­RI BAŞ­LAN­ÝAR
“Tels­tar”. 1970-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty top ba­bat­da uly öz­ge­riş­li­ge eýe bol­ýar. Mun­dan soň, Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da di­ňe “Adi­das” şe­re­ke­ti­niň top­la­ry ula­ny­lyp baş­la­nýar. As­lyn­da, “Adi­das”-yň top­la­ry 2 ýyl ozal­ky Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da-da ula­nyl­ýar we şol bäs­le­şik ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň top­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­nyň baş­lan­gy­jy bol­ýar. Şeý­le­lik­de, il­ki UEFA, soň­ra FI­FA üçin top bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le ymyk­ly çö­zül­ýär. 1970-nji ýyl­da “Adi­das”-yň “Tels­tar” top­la­ry oý­nal­ýar. Ada­ty top­la­ry ýa­dy­ňa sal­ýan “Tels­tar” 32 pa­nel­li il­kin­ji pök­gü­ler bo­lup, ol ak-ga­ra reňk­de bol­ýar. Şe­re­ket bu çem­pio­nat üçin 20 sa­ny top ön­dür­ýär.
“Tels­tar Dur­last”. Ger­ma­ni­ýa – 1974-dä­ki top “Tels­tar Dur­last” bo­lup, “Adi­da­s”-yň bu önü­mi po­liu­retan­dan taý­ýar­la­nan il­kin­ji fut­bol to­pu­dyr. Suw ge­çir­me­ýän bu top aňsat-aňsat ýyr­tyl­maýar.
“Tan­go” we “Tan­go Es­pa­ňa”. Ar­gen­ti­na – 1978-de “Tan­go”, Is­pa­ni­ýa – 1982-de “Tan­go Es­pa­ňa” top­la­ry ula­nyl­ýar. Iki top hem bir­meň­zeş bo­lup, “Tan­go Es­pa­ňa” pök­gü­si “Tan­go” ga­ra­nyň­da, kä­bir ba­bat­da az­da-kän­de kä­mil­leş­di­ri­len­dir. “Tan­go Es­pa­ňa” Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­daky de­riden edilen iň soň­ky top bol­ýar.
“Az­teca”. Mek­si­ka – 1986-da il­kin­ji ge­zek sin­te­tik top­lar ula­nyl­ýar. Tu­tuş­ly­gy­na sin­te­tik hem-de el­de ti­ki­len bu “Az­teca” at­ly top­lar as­te­ka­ly­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hyny aň­lad­ýan şe­kil­ler bi­len be­ze­len­dir.
“Et­rusco Unico”. Ita­li­ýa — 1990-da “Az­teca”-nyň kä­mil­leş­di­ri­len gör­nü­şi ula­nyl­ýar. Ady­ny we be­ze­gi­ni Ita­li­ýa­nyň me­de­ni­ýe­tin­den, ta­ry­hyn­dan al­ýan “Et­rusco Unico” to­py ne­mes­le­re ýe­ňiş ge­tir­ýär.
“Quest­ra”. “Ýyl­dyz­lar üçin baş­dan ge­çir­me” di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan “Quest­ra” at­ly pök­gi ABŞ – 1994-iň res­mi to­py bol­ýar.
“Tricolo­re”. Fran­si­ýa – 1998-iň res­mi to­py 1978-nji ýyl­da­ky “Tan­go” to­pu­nyň nus­ga­wy be­ze­gi bi­len meň­zeş­dir. “Adi­das” Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň soň­ky sa­par şol nus­ga­wy be­ze­gi­ni ulan­ýar. “Tricolo­re” at­ly bu pök­gi Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ula­ny­lan il­kin­ji köp reňk­li top­dur. Ol reň­ki­ni Fran­si­ýa­nyň baý­da­gyn­dan al­ýar. Fran­suz di­lin­de “üç reňk” di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan “Tricolo­re” pök­gü­le­ri “Adi­da­s”–yň Ýew­ro­pa­nyň da­şyn­da, ön­dü­ren il­kin­ji to­py bo­lup, ol Ma­rok­ko we In­do­ne­zi­ýa­da taý­ýar­lanýar.
“Fever­nova”. Il­kin­ji ge­zek 2 ýur­duň bi­le­lik­de gu­ran Dün­ýä çem­pio­na­ty bo­lan Ýa­po­ni­ýa we Gü­nor­ta Ko­re­ýa – 2002-de “Fever­nova” at­ly top­lar ula­nyl­ýar. Ilkinji gezek ada­ty “Tan­go” top­la­ry­nyň nus­ga­wy şe­kil­le­ri­ne meň­ze­dil­män taý­ýar­la­nan bu pök­gü­ler ku­bo­gyň reň­ki­ni ýat­lad­ýan al­tyn­sow reňk­de hem-de üç­burç­ly be­zeg­de­dir. Çem­pio­na­ty gu­raý­jy ýurt­la­ryň me­de­ni­ýe­tin­den yl­ham al­nyp taý­ýar­la­nan “Fever­nova” az­da-kän­de şe­ma­la hem gar­şy du­rup bil­ýär. Şeý­le-de derwezeçilere kynçylyk döredýän bu to­puň tiz­li­gi öň­kü­le­re ga­ra­nyň­da, 15 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr.
“Te­am­geist”. 2006-njy ýylda çem­pio­nat Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­lip, du­şu­şyk­lar­da “to­par ru­hy” di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan “Te­am­geist” top­la­ry ula­nyl­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi bi­len top­lar­da­ky pa­nel­ler hem azal­ýar. “Te­am­geist” 8 pa­nel­li bo­lup, top­la­ryň ýüzüne ge­çi­ril­jek du­şu­şygyň, sta­dio­nyň at­la­ry hem ýa­zyl­ýar. Fi­nal du­şu­şy­gy­na ni­ýet­le­ni­lip, şol bir top­lar al­tyn­sow reňk­de “Te­am­geist Ber­lin” ady bi­len çy­ka­ryl­ýar we bu däp soň­ky çem­pio­nat­lar üçi­nem ýoň bo­lup gal­ýar.
“Ja­bu­la­ni”. Dün­ýä çem­pio­na­ty 2010-njy ýyl­da il­kin­ji ge­zek Af­ri­ka­da ge­çi­ril­ýär. Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň myh­man­sö­ýer­li­gin­de ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da “Ja­bu­la­ni” at­ly 8 pa­nel­li top­lar ula­nyl­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len eti­len­wi­ni­la­se­tat hem-de ter­mop­las­tik po­liu­re­tan­dan taý­ýar­la­nan top­lar “Adi­da­syň” Hy­taý­dyr Hin­dis­tan­da­ky fab­rik­le­rin­de ön­dü­ril­ýär. Wu­wu­ze­la­lar bi­len ýat­da ga­lan çem­pio­na­tyň fi­na­ly-da al­tyn­sow reňk­dä­ki “Jo’bu­la­ni” to­py bi­len oý­nal­ýar.
“Bra­zuca”. 2014-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. 64 ýyl­dan soň, bu çä­rä­ni öz­le­rin­de 2-nji ge­zek gu­ra­ýan Bra­zi­li­ýa­da­ky çem­pio­nat­da “Bra­zuca” top­la­ry du­şu­şyk­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Ady ses ber­li­şik esa­s­da jan­kö­ýer­ler ta­ra­pyn­dan go­ýul­ýar we ol jan­kö­ýer­le­riň at go­ýan il­kin­ji FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy res­mi to­py bol­ýar. Top­lar Pa­kis­ta­nyň Si­al­kot şä­he­rin­de ön­dü­ril­ýär. “Bra­zi­li­ýa­ly­la­ra mah­sus” di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan “Bra­zuca” 6 pa­nel­li bo­lup, ol hem beýleki resmi toplar ýaly, po­liu­re­tan­dan ti­kil­ýär. El­bet­de, bu çem­pio­nat­ hem edil 1950-nji ýyl­da­ky ýa­ly bra­zil­ler üçin ju­da pa­jy­ga­ly ýagdaýda tamamlanýar.
“Tels­tar 18”. Ýe­ne-de 33 günden baş­lan­jak Rus­si­ýa – 2018 üçin “Adi­das” kom­pa­ni­ýa­sy “Tels­tar 18” at­ly to­py taý­ýar­la­dy. Şe­re­ke­tiň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky il­kin­ji to­pu­nyň (1970, “Tels­tar”) kon­sep­si­ýa­syn­dan ugur al­nyp ön­dü­ri­len bu top 6 pa­nel­li­dir. Ol Pa­kis­ta­nyň Si­al­kot şä­he­rin­de ön­dü­ril­ýär. “Tels­tar” sö­zi “te­levision” we “star”, ýag­ny te­le­wi­zor hem-de ýyl­dyz di­ýen söz­ler­den eme­le ge­len­dir.