Elbetde, seýilgähde 5-10 minutlyk gezelenç etmek bedeni kislorod bilen baýlaşdyrmakda kömek edýär. Emma, alymlar saglygy bütinleý gowulaşdyrmak üçin hemişe gök zolakda ýaşamagy maslahat berýärler. ABŞ-nyň Maýami uniwersitetiniň barlag geçirijileri 65 ýaşdan uly 250000 adamyň saglygyny gözden geçirdiler.
Alymlar daragtlaryň mukdary we adamlaryň saglygy baradaky maglumatlary deňeşdirdiler. Olar bu maglumatlary NASA-nyň hemra arkaly düşüren suratlaryndan aldylar. Barlaglar öýüň töwereginde agaçlar näçe köp bolsa, şonça hem köp sanly keselleriň ýoklugyny belli etdi. Netijede, süýjükesel howpy 14 göterim, gipertoniýa ähtimallygy 13 göterim azalýan eken. Umuman, ýaşyl zolakda ýaşaýanlarda agyr keselleriň 49-synyň ýokdugy belli boldy. Şonuň ýaly ýaşyl zolak garramak prosesini haýalladýan eken.