Sentýabr aýynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi, oktýabr aýynyň, ahyrynda noýabr aýynyň başynda bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Şeýle iri ýaryşlaryň biziň güneşli Diýarymyzda geçirilmegi, dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistany ynamdar, ygtybarly hem-de abraýly ýurt hökmünde ykrar edýändiginiň subutnamasydyr.
Sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ussady bolan milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi geçiriler. Ol eýýäm awtoýaryşlarynyň halkara senenamasynda öz mynasyp ornuny aldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz fewral aýynda gadymy Lebap topragynda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul – Hazar 2018” awtorallisini geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine ak pata berdi. Şeýle hem milli Liderimiz “Beýik Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosiped ýaryşyna we uzak aralyga ylgamak boýunça sport ýaryşlaryna badalga berdi. Bu sport ýaryşlary hem özboluşlylygy bilen ýurdumyzyň welaýatlary boýunça menzil aşýar.
Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyrlary geçirildi we onuň çäklerinde şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi. Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birinde guralan saýlama ýaryşlara gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde eminler bilen söhbetdeş bolup, awtoralliniň geçiriljek ugrunyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Şol ugruň geçjek ýerleri milli Liderimize topografik çyzgylarda görkezildi. Bu çyzgylar ýoluň konfigurasiýasy, üstki gurluşy, tebigy päsgelçilikleriň we öwrümleriň ýerleşişi barada düşünje berýär. Türkmenistanyň Prezidenti howanyň ýaryşlary geçirmäge neneňsi päsgel berip biljek şertleri, aralyklary geçmek üçin goşmaça çylşyrymlylyk berýän çägesöw topragyň aýratynlyklary barada sorady.
Eminler toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ýaryşyň geçjek ugurlary barada hasabat berip, ýoldaky bellikleri beýan etdi hem-de ýörite kartada bellenilen öwrümleriň arasyndaky aralyklar barada habar berdi. Onuň nygtaýşy ýaly, Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny saklamak awtomobil sporty ýaryşlaryny geçirmegiň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtoralliniň saýlama tapgyrlaryna gatnaşýan awtoulaglaryň ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesi barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 16–17-nji maýynda Moskwada “Amul – Hazar 2018” taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy guralar. Bu taslama bilen “Africa Eco Race 2019” görkezilişiniň çäklerinde belli fransuz türgeni, Formula-1 we sport awtoulaglary toparynda dünýä ýaryşlaryna gatnaşyjy Žan-Lui Şlesser giň köpçüligi tanyşdyrar.
Hormatly Prezidentimiz eminler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda şu gün bu ýere saýlama tapgyra gatnaşýan türgenlere ak pata bermäge gelendigini aýtdy. Şonuň netijeleri boýunça “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüler. Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tehniki görkezijileriniň ýaryşlara bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini aýdyp, eminler toparyndan bu gezekki tapgyra “Men hem gatnaşyp bilýärinmi?” diýip sorady.
Baş emin hormatly Prezidentimiziň bu tapgyra gatnaşyp bilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň oňa goşulmagynyň, eminler üçin bolşy ýaly, türgenler üçin hem uly hormatdygyny belledi we ak ýol arzuw etdi. Şeýlelikde, milli Liderimiz häzirki ýaryşlara gatnaşyjylara ak pata berdi we sport ulagyna münüp, saýlama tapgyry açdy hem-de Garagum sährasynyň içi bilen menzil aşdy. Ýaryşa hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň türgeni hem goşuldy. Iki ulag ýokary tizlik bilen öňe okduryldy.
Ýaryşyň saýlama tapgyrynyň barşynda milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy çöllük ýerleriň päsgelçiliklerini ýokary tizlik bilen geçdi. Döwlet Baştutanymyz kesgitlenen menziliň dowamynda sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, ulagyň emel mümkinçiliklerini peýdalandy.
Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň netijesidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagynda eminler toparynyň ýanyna gelip saklandy. Eminler toparynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi pellehana gelmegi hem-de görkezen 10 minut 10,45 sekunt netijesi bilen gutlady we munuň ýokary görkezijidigini nygtady. Şeýle hem bu tapgyra gatnaşan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň türgeni G.Hommadow bolsa, bellenilen aralygy 10 minut 22,42 sekunt wagt bilen tamamlady.
Soňra Garagumuň giň sähralyklarynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň saýlama tapgyrlarynyň bäsleşikleri dowam etdi. Şeýlelikde, “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlaryna Türkmenistan tarapyndan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi. Olar ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan halkara ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň has-da ýokary göterilmegine mynasyp goşant goşarlar.
MILLI LIDERIMIZ
SYLAGLANDY
Şu ýylyň 14-nji maýynda Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiziň “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy.
Maslahat dabaraly pursatlardan başlandy — awtomobil sportunda ajaýyp üstünlikleri, şu görnüşde ýokary derejede gazananlary, dürli ýaryşlardaky ajaýyp çykyşlary hem-de tutuşlygyna türkmen sportunyň ösdürilmegine uly goşandy üçin Türkmenistanyň dört gezek çempiony hormatly Prezidentimize sylaglaryň gowşurylýandygy yglan edildi. Şol sylaglaryň hatarynda döwlet Baştutanymyza Awtomobil sporty federasiýasy hem-de Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezi tarapyndan “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 12-nji maýda geçirilen ýaryşlarda sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary netijeleri görkezendigi üçin “Türkmenistanyň sport ussady” diýen adyň sertifikaty berildi.
Milli Liderimize awtomobil sportunda görkezen ussatlygy, tejribesi we maksada okgunlylygy üçin Ýeňijiniň Kubogy berildi. Türkmenistanyň Baştutanyna berlen ýene-de bir sertifikat bu ýaryşlaryň çäklerinde 12-nji maýda geçirilen bäsleşiklerde sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, bellenen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallä gatnaşmaga hukuk berýär.
Bu baýraklaryň ählisi uly hormat bilen milli Liderimize gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, halkara sport dünýäsinde Watanymyzyň abraýy barha belende galýar.