Tä­ze üs­tün­lik­le­re sa­ry öňe bar­ýan ýur­du­my­za tu­tuş mu­sul­man ym­ma­ty üçin mu­kad­des Ora­za aýy gel­di. Mu­kad­des Ora­za aýy – ru­hy taý­dan tä­miz­li­giň hem-de ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň aýy ha­sap­lan­ýar. Asyl­ly we so­gap iş­le­ri et­mek üçin äh­li dö­wür­de hem müm­kin­çi­lik bar­dyr, em­ma Ora­za aýyn­da edil­ýän so­gap iş­le­riň äh­mi­ýe­ti has-da ulu­dyr. Arap di­lin­de “sawm” we “si­ýam” söz­le­ri agyz bek­le­mek diý­me­gi aň­la­dyp, “Bir zat­dan daş dur­mak, özü­ňi sak­la­mak, bö­wet bol­mak” ma­ny­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Ora­za – se­lä­lik wag­ty­nyň gu­ta­ryp, er­tir na­ma­zy­nyň wag­ty­nyň gir­me­gi bi­len baş­lap, tä Gün ýa­şyp, ag­şam na­ma­zy­nyň wag­ty baş­lan­ýan­ça, ara­lyk­da hiç zat iý­män-iç­män, öz neb­si­ňi sak­la­mak diý­mek­dir. Ora­za tut­mak ys­la­myň bäş şer­ti­niň bi­ri­dir. Ora­za hem na­maz ýa­ly, be­den bi­len amal edil­ýän yba­dat­dyr. Bu yba­da­tyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy: yn­sa­ny er­bet­lik­den sak­la­ma­gy, neb­siň dür­li ham-hy­ýal­la­ry­ny jy­law­la­ma­gy­dyr. Ora­za aýy ge­len­de, jem­gy­ýet­de ha­ýyr-sa­ha­wat kö­pe­lip, adam­la­ryň ara­syn­da bi­rek-bi­rek bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­lar has-da ber­ke­ýär. Öza­ra ar­ka­la­şyk art­ýar. Ora­za­nyň bu tä­si­ri­niň asyl se­bä­bi­ni söý­gü­li Py­gam­be­ri­miz şu ha­dy­syn­da be­ýan ed­ýär: “Ora­za aýy ge­len­de, jen­net ga­py­la­ry açy­lyp, dow­za­hyň ga­py­la­ry ýa­pyl­ýar we şeý­tan­la­ryň äh­li­si zyn­jyr­lan­ýar”.
Ora­za be­den sag­ly­gy­ňa-da uly kö­mek ed­ýär. Ol sag­dyn­ly­gyň aça­ry­dyr. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da dür­li na­har bi­len ag­ram sa­lyn­ýan iý­mit siň­di­ri­ji agza­la­ra dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Ora­za be­de­niň aç­ly­ga-suw­suz­ly­ga gar­şy dur­mak ukybyny art­dyr­ýar. Bu yn­sa­nyň dür­li kyn­çy­lyk­la­ra çy­dam­ly­ly­gy­ny ös­dür­ýär.
Alym­lar ora­za­nyň be­den sag­ly­gy üçin äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny, be­de­niň dynç al­ma­gy­na we sag­dyn ýa­şa­ma­gy­na haý­ry­nyň köp­dü­gi­ni bel­läp geç­ýär­ler. Ora­za mad­dy taý­dan ber­hiz bol­şy ýa­ly, ru­hy taý­dan hem ber­hiz­dir. Ol ada­myň bi­lip ýa-da bil­män eden gü­nä­le­ri­ne gar­şy gal­kan­dyr. Ol yn­sa­nyň be­de­ni ar­zuw­la­ry­ny çäk­len­di­rip bil­mek uky­by­ny ös­dür­ýär. Şeý­le­lik bi­len, yn­san ag­zy bek­li däl wag­ty hem her hi­li ýa­ra­maz ar­zuw we me­ýil­le­riň öňü­ni al­ma­gy, ha­lal we aras­sa ýa­şa­ma­gy öw­ren­ýär. Ora­za tyg­şyt­ly ýa­şa­ma­gy öw­red­ýän iň mö­hüm düz­gün­dir. Is­län wag­ty, is­län za­dy­ny al­ma­ga en­dik eden ki­şi ora­za wag­ty özü­ni sak­la­ma­ga mej­bur bol­ýar. Bu bol­sa, oňa tyg­şyt­ly­lyk ge­tir­ýär.
Ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan Ora­za aýy­nyň her bir gü­nün­de di­ni däp-des­sur­la­ry ber­jaý edip, ru­hy we be­den tä­miz­li­gi­ne, ah­lak aras­sa­ly­gy­na aý­ra­tyn üns be­rip, ed­ýän di­leg we ar­zuw­la­ry­ňyz Al­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!