Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şanly seneleriň biri – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bellenilýän şanly baýramçylyk mynasybetli dürli derejede maslahatlardyr forumlar we köpçülikleýin medeni çäreler geçirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan ählihalk baýramçylygynyň uly many-mazmuny bar.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Esasy Kanunymyzyň kabul edilenine 26 ýyl dolýar. Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanunymyz bolup durýar.
Döwlet nyşanlarymyzyň biri hasaplanýan ýaşyl Tugumyz 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda tassyklandy. Ýigrimi alty ýylyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tugumyzyň astynda özüniň iň täze taryhy eýýamyny döretmek bilen, abadançylygyň hem-de ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýokary sepgitleri nazarlaýan eziz Diýarymyz dünýäde garaşsyz ösüşiň täsin nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar.
Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat ugry, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar netijesinde Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde halkara abraýy barha artýar. Biziň ýurdumyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň alamaty hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde buýsançly parlaýar.
Ýaş nesli belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp häzirki durmuşymyza hem-de türkmen halkynyň beýik geljegine ynamy pugtalandyrmakda milli Tugumyzyň ähmiýeti örän uludyr. Öz Watanyny zehinleri, dürli sport ýaryşlaryndaky gazanýan ajaýyp ýeňişleridir üstünlikleri bilen şöhratlandyrýan türkmenistanlylar ýaşyl Tugumyzy Ýer ýüzüniň dürli yklymlarynda belende göterýändiklerine buýsanýarlar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan dünýäde iň beýik baýdak sütünleriniň biri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen 133 metrlik baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar. Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda çuňňur köklere eýe bolan mukaddes Tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwrüň talaplaryndan ugur alnyp has-da kämilleşdirilýär. Konstitusiýamyzyň kämilleşmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Konstitusion kadalaryň milli mirasymyza, halkymyzyň paýhas çeşmelerine esaslanyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşdyrylyp ösdürilmegi ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň beýanydyr.
Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi bolup çykyş etdi. Konstitusiýa döwletliligiň institutlaryny hukuk taýdan resmileşdirdi, şeýle hem onuň ösüşine we kämilleşmegine oňyn itergi berdi. Konstitusiýa Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ösüşiniň her tapgyrynyň anyk taryhy şertlerini we aýratynlyklaryny beýan etdi. Muňa 26 ýylyň dowamynda bolup geçen konstitusion özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen parlaýan Döwlet baýdagymyz ata-babalarymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.
Şu günler tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Olar türkmen halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanyna öwrüldi.