Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň gü­nor­ta-gün­ba­tar çäk­le­rin­de ýer­li alym­la­ra tö­tän­den dün­ýä­niň iň uzyn mö­je­gi­ni ýü­ze çy­kar­mak ba­şart­dy. Onuň be­de­ni­niň uzyn­ly­gy 62,4 san­ti­met­re ba­ra­bar. Bu mö­jek “Phry­ga­nist­ria chi­nen­sis Zhao” di­ýen ada eýe bol­dy. Ozal­ky re­kord hem şeý­le gör­nüş­li mö­je­ge de­giş­li bo­lup, ol “Pho­bae­ticus cha­ni” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dy. Ol mö­jek 8 ýyl mun­dan ozal, Ma­laý­zi­ýanyň jeň­ňel­lik­le­rin­den ta­py­lyp, 56,7 san­ti­metr uzyn­ly­gy bar­dy. Hä­zir onuň nus­ga­sy Lon­do­nyň te­bi­gat ylym­la­ry mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar, tä­ze re­kord­çy bol­sa, Çen­du şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Hy­ta­ýyň seý­rek mör-mö­jek­le­ri mu­ze­ýi­ne öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ge­ti­ril­di.