13-nji maýda Günbatar Afrikada ýerleşýän Sýerra-Leoneniň paýtagty Fritaunyň Milli stadionynda täze saýlanan Prezident Julius Maada Bionyň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi. Julius Maada Bio öz çykyşynda ýurduň ykdysady ösüşine ýardam etmek, täze iş ýerlerini döretmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamyny ösdürmek, döwlet dolandyryşyny berkitmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
Dabara HHR-iň başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili, Hytaýyň ylym we tehnologiýa ministri Wan Çžigan, şeýle hem Gwineýanyň, Liberiýanyň, Senegalyň, Togonyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Sýerra-Leoneniň saýlaw komissiýasy geçirilen Prezident saýlawlarynda halk partiýasyndan Julius Maada Bionyň ýeňiş gazanandygyny 4-nji aprelde mälim etdi. Ol şol gün ýurt Baştutany hökmünde wezipesine girişipdi.