Ýene-de bir aýdanam az wagtdan başlanjak futbol boýunça 21-nji Dünýä Kubogynda çykyş edýän ýygyndylaryň tälimçileri toparlarynyň deslapky düzümini mälim edip başladylar. Düzgüne laýyklykda, tälimçileri 27-nji maýa çenli 30–35 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümi belli etmeli bolarlar. Tälimçiler 23 oýunçydan ybarat takyk düzümi-de iň soňky gün bolan 4-nji iýunda FIFA-nyň garamagyna hödürlärler. Braziliýadyr Argentinanyň, Portugaliýanyň, Germaniýanyň, ýer eýesi Russiýanyň hem-de başga-da birnäçe ýygyndynyň tälimçileri deslapky düzümlerini yglan etdiler. Hatda Braziliýanyň tälimçisi Tite Russiýa 2018-de çykyş etjek 23 oýunçynyň adyny, başgaça aýdylanda, gutarnykly düzümini eýýämden habar berdi. Olaryň arasynda köp wagtdan bäri şikesli Neýmaryň bardygyny hem belläliň. Tite şikesi bolan Dani Alwes, şeýle-de “Çelside” 3–4 aýdan bäri meýdança çykmaýan Dawid Luiz, “ýuwentusly” Aleks Sandro ýaly oýunçylary çagyrmady. Argentinada-da tälimçi Horge Sampaoli “Tottenhemiň” ezber oýunçysy Erik Lamelany, PSŽ-den Hawier Pastoreni düzüme almady. Germaniýanyň tälimçisi Löw bolsa, Mustafini, Wagneri, Gýotseni, Emre Jany düzüme çagyrmady.

Braziliýa (23 oýunçy): Allison, Kassio, Ederson; Tiago Silwa, Marselo, Miranda, Filipe Luis, Markinios, Danilo, Fagner, Pedro Žeromel; Kasemiro, Filippe Koutinio, Fernandinio, Paulinio, Fred, Renato Augusto, Willian; Duglas Kosta, Firmino, Gabriel Žesus, Neýmar, Taison. (Tälimçi: Tite).
Germaniýa (27 oýunçy): Leno, Noýer, Ter Ştegen, Trapp; Boateng, Ginter, Hektor, Hummels, Kimmih, Plattenhardt, Rudiger, Sule, Tah; Brandt, Draksler, Goreska, Gündogan, Kedira, Kroos, Özil, Roýs, Rudi, Sane; M. Gomez, Müller, Petersen, Werner. (Tälimçi: Ýoahim Löw).

Russiýa (28 oýunçy): Akinfeýew, Gabulow, Lunýow, Džanaýew; Ignaşewiç, Smolnikow, Kudrýaşow, Granat, Noýştadter, Semýonow, Kutepow, Rauş, M. Fernandes; Žirkow, Dzagoýew, Samedow, Golowin, Ýerohin, Çeryşew, Zobnin, Gazinskiý, Kuzýaýew, An. Mirançuk, Taşaýew; Smolow, Dzýuba, Al. Mirançuk, Çalow. (Tälimçi: Stanislaw Çerçesow).
Portugaliýa (35 oýunçy): Rui Patrisio, Beto, A.Lopes; B. Alwes, Pepe, Fonte, Soares, Guerreiro, Rolando, Neto, Antunes, Semedo, Kanselo, R. Pereira, Mario Rui, Dias; Moutinio, Karwalýo, Žoao Mario, Andre Gomeş, B. Silwa, Adrien Silwa, M. Fernandeş, Newes, B. Fernandeş, Oliweira; Ronaldo, Nani, Kuarežma, Eder, Andre Silwa, Martins, Guedes, R. Lopes, Paulinio. (Tälimçi: Fernando Santos).

Argentina (35 oýunçy): Romero, Kabalýero, Guzman, Armani; Merkado, Salwio, Maskerano, Otamendi, Pezzelýa, Fazio, Roho, Funes Mori, Taliafiko, Akunýa, Ansaldi; Lanzini, Senturion, Meza, Bilia, Pizarro, Enzo Perez, Banega, Lo Selso, Paredes, Battalýa, Di Mariýa, Pawon, Pablo Perez; Messi, Dibala, Perotti, Aguero, Higuain, Ikardi, Lautaro Martines. (Tälimçi: Horge Sampaoli).