Ýaryş çekeleşikli dowam edýär
Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynda 10-njy tapgyrda 3 duşuşyk geçirildi. Wise-çempion “Ahal” myhmançylykda “Köpetdagy” Güýçmyrat Annagulyýewiň 42-nji minutdaky ýeke-täk pökgüsi bilen 1–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Energetik” topary-da “Aşgabat” toparyny kabul edip, 2–1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýeleriniň gollarynyň ikisi-de 1-nji ýarymda hasaba alyndy. Has takygy, 36-njy we 43-nji minutlarda Rahmet Şermetow bilen Parahat Jumanazarow tapawutlandy. Myhmanlaryň ýeke goluny-da 90+2-nji minutda Baýjan Satlykow derwezä girizdi. Maryda oýnalan beýleki duşuşykda-da “Merw” bilen “Balkan” duşuşyp, oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 41-nji minutda Ýewgeniý Tkaçenko bilen öňe saýlanan myhmanlara 85-nji minutda ýer eýeleri Söhbet Allanurowyň goly bilen jogap berdi. “Altyn asyr”–“Şagadam” duşuşygy bolsa, 6-njy iýuna süýşürildi.