Bar­se­lo­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len For­mu­la 1 Is­pa­ni­ýa “Gran Pri­sin­de” “Mercedes” to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Le­wis Ha­mil­ton ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 66 aý­la­wy 1 sa­gat 35 mi­nut 29,972 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 64-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ha­mil­ton­dan 20,5 se­kunt yza ga­lan to­par­da­şy, finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas 2-nji, ýe­ňi­ji­den 26,8 se­kunt yza ga­lan gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen (“Red Bull”) 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Se­bas­ti­an Wet­te­liň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da onuň to­par­da­şy Ki­mi Ra­ik­ko­nen 26-njy aý­law­da ýa­ryş­dan çyk­dy. Şeý­le­lik­de, Ha­mil­ton utu­gy­ny 95-e ýe­ti­rip, ýa­ry­şy 1-nji orun­da do­wam et­dir­ýär. Wet­te­liň 78, Bot­ta­syň 58 utu­gy bar. Möw­sü­miň 6-njy ýa­ry­şy 27-nji maý­da Monakoda ge­çi­ri­ler.

“Mad­rid Açyk Mas­ters”  tennis ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ger­ma­ni­ýa­ly Alek­sandr Zwe­rew ýe­ňi­ji bol­dy. 21 ýaş­ly ten­nis­çi fi­nal­da awst­ri­ýa­ly Do­mi­nik Tie­mi 2 se­tiň do­wa­myn­da 6:4 ha­sap­la­r bi­len utup, 3-nji “Mas­ters” çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da çe­hi­ýa­ly Pet­ra Kwi­to­wa çem­pi­on bo­lup, ol fi­nal­da gol­lan­di­ýa­ly Ki­ki Ber­ten­si 3 set­iň netijesinde 2:1 ha­sa­p bi­len ýeň­li­şe se­ze­war edip, Mad­rid­dä­ki 3-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di (2011, 2015, 2018).

“Man­çes­ter Si­ti­niň” tä­ze re­kord­la­ry
Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­syn­da” çem­pi­on­ly­gy­ny bireý­ýäm yg­lan eden “Man­çes­ter Si­ti” bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­le­di. 100 utuk top­lan şä­her­li­ler iň köp utuk ga­za­nan, 106 gol bi­len iň köp gol ge­çi­ren, 32 ýe­ňiş bi­len iň köp ýe­ňiş ga­za­nan, +79 gol bi­len iň köp gol ara­ta­pa­wu­dy gör­ke­zen, myh­man­çy­lyk­da iň köp ýe­ňiş ga­za­nan hem-de köp utuk toplan (16 oýun hem-de 50 utuk), iň köp utuk aratapawudy bilen çempion bolan (19 utuk) hem-de yz­ly-yzy­na iň köp ýe­ňiş ga­za­nan (18 oýun) to­par di­ýen re­kord­la­ry tä­ze­le­di.
Re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di
“Li­wer­pu­lyň” öz meý­dan­ça­syn­da “Braý­to­ny” 4–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen du­şu­şy­gyn­da 1 gol ge­çi­ren Mo­ha­med Sa­lah çem­pio­nat­da­ky pök­gü­le­ri­niň sa­ny­ny 32-ä ýe­ti­rip, re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bo­lan Sa­lah­dan öň re­kor­dy 31 gol bi­len Alan Şi­rer, Kris­tia­no Ro­nal­do hem-de Lu­is Sua­res da­gy paý­laş­ýar­dy.
Öň­ki tap­gyr­da 2-nji li­ga dü­şen “Stok Si­ti” myh­man­çy­lyk­da “Swan­si Si­ti­ni” 2–1 ýe­ňip, gar­şy­da­şy­ny hem aşa­ky li­ga ug­rat­dy.

“Bar­se­lo­na” hem ýe­ňil­ýär
Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” myh­man­çy­lyk­da “Le­wan­te­den” 5–4 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len çem­pi­on “Bar­se­lo­na” şu möw­süm­de çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Du­şu­şyk­da ýer eýe­le­rin­den Em­ma­nu­el Boa­teng, myh­man­lar­da­nam Fi­li­pe Kou­ti­no het-trik et­di (Boa­teng 9, 30, 49, Bar­di 46, 56 — Ko­ti­nio 38, 59, 64, Lu­is Sua­rez 71 p). “Re­al Mad­rid” bol­sa, “Sel­ta­nyň” to­run­dan jo­gap­syz 6 pök­gi gi­riz­di (Beýl 13, 30, Is­ko 32, Ha­ki­mi 52, Ser­hi Go­mes 74 ö.d., Kroos 81).

“Ham­burg” ahy­ry 2-nji li­ga düş­di
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” “Köln” to­pa­ryn­dan soň, “Ham­burg” hem “Bun­des­li­ga II” düş­di. Ýo­ka­ry li­ga­nyň äh­li möw­sü­min­de oý­na­n ýe­ke-täk to­par bo­lan “Ham­burg” mun­dan soň, bu de­re­je­si­ni ýi­ti­rer. Ola­ryň soň­ky “Bo­rus­si­ýa M.” to­pa­ryn­dan 2–1 üs­tün çyk­ma­gy-da li­ga­da gal­mak üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. “Wolfs­burg” bol­sa “Bun­des­li­ga­da” gal­mak üçin “Hols­te­in Ki­el” bi­len pleý-off oý­nu­ny oý­nar.

Ýe­di ýyl­dan bä­ri “Ýu­wen­tus”
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 37-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “Ro­ma” bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan “Ýu­wen­tus” bas­syr 7-nji, umu­my­lyk­da 34-nji çem­pi­on­ly­gy­ny mä­lim et­di. Möw­sü­miň ag­ram­ly bö­le­gin­de 1-nji or­ny özün­de sak­lan “Na­po­li” myh­man­çy­lyk­da “Sam­po­ria­ny” 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy.
Uk­rai­na­nyň çem­pio­na­tyn­da “Şaht­ýor Do­nesk” 11-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Do­nesk­li­ler bu ba­bat­da 16 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Di­na­mo Ki­ýew­den” soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar.
Bel­gi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da “Klub Brýug­ge” 15-nji sa­par çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bel­gi­ýa­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par “An­der­leht” bo­lup, ol 34 ge­zek “Pro Lea­gue”-ni 1-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy.

Ku­bo­gy aldy, soňam…
Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da SSKA “An­ži­ni” utup, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gö­nü­mel gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Şeý­le-de “Ufa­dan” 5–0 utu­lan ku­bo­gyň eýe­si “Tos­no” to­pa­ry “SKA-Ha­ba­rowsk­dan” soň, 2-nji li­ga düş­di. “Di­na­mo­dan” 1–0 utu­lan “Spar­tak” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da çy­kyş eder. “Ze­nit” bol­sa, “SKA-Ha­ba­rows­ki­ni” 6–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. “Am­kar” bi­len “An­ži” to­par­la­ry li­ga­da gal­mak üçin pleý-off oý­na­ma­ly bo­lar.