ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasynyň öndüren “Model X” kysymly elektrik togy bilen işleýän ulagy “Boeing 787-9 Dreamliner” kysymly uçary 300 metre golaý aralyga süýräp äkidip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenip geçilýär.
Beýanata görä, bu netije Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan ykrar edildi. Bu rekord Awstraliýanyň Melburn şäherindäki halkara howa menzilinde goýuldy. 7 ýolagça niýetlenen “Model X” ulagy 236 ýolagçyny kabul etmäge mümkinçiligi bolan “Boeing” kysymly ulagy ýerinden gozgady. Elektromobil 2,5 tonna ýüki tirkege alyp çekmäge ukyplydyr. Ol 130,18 tonnalyk uçary tirkege alyp, 300 metr süýredi. “Tesla” kompaniýasynyň bu ulagy bir gezekki zarýady bilen 474,8 kilometr ýol geçýär. Şonuň üçin ol kompaniýanyň iň çalt gidýän ulaglarynyň biri hasaplanýar.
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.