2050-nji ýylda Ýer şarynyň ilatynyň sany 9,8 milliarda golaýlar we 2028-nji ýylda tutuş dünýäniň iň uly megapolisi Hindistanyň paýtagty Täze Deli bolar. Ol bu ugurda Ýaponiýanyň paýtagty rekordçy Tokiodan öňe saýlanar. Ine, şeýle çaklamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti hödürledi.
Guramanyň baha bermegine görä, ýene-de 10 ýyldan Täze Deliniň ilatynyň sany 37,2 milliona barabar bolar. Häzirki wagtda dünýäniň iň köp ilatly şäheri Tokiodyr, bu şäherde we onuň eteklerinde 37 million adam ýaşaýar. Ikinji orunda Täze Deli (29 mln), soňra degişlilikde Şanhaý (26 mln), Mehiko (22 mln) we San-Paulo (22 mln) barýar. Şeýle hem Kair, Mumbaý, Pekin we Dakka şäherleriniň ilatynyň sany hem 20 milliona golaýlady.
BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagtda Ýer şarynyň 7,6 milliard ilatynyň 55 göterimi şäherlerde ýaşaýar. XXI asyryň ortalarynda planetamyzyň şäherlileriniň sany 68 göterime çenli ýokarlanar.
2030-njy ýylda tutuş dünýäde ilaty 10 milliondan gowrak bolan şäherleriň sany 43-e ýeter.
Annageldi AHMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.