Düýn ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlarynyň “Soňky jaň” dabaralary ýatdan çykmajak ajaýyp baýramçylyk pursatlaryna beslendi. Ýurdumyzyň mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin “soňky jaňyň” owazy ýaňlandy.
Her bir adamyň durmuşynda soňky jaňyň sesi gaýtalanmajak ajaýyp baýramçylyk bolan joşgunly şatlyga ýugrulan mekdep ýyllaryny ýada salýar. Mekdebi tamamlamak munuň özi täsin mekdep ýyllary bilen hoşlaşmagyň tolgundyryjy pursadydyr. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär:
Bagtyýar uçurymlaryň – geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan “Soňky jaň” dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi bolsa “Soňky jaň” dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Däp bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaň salýan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda hem güneşli Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary, joşgunly aýdym-sazlar bilen bezelen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar ata Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen paýtagtynda “soňky jaň” dabaralarynyň Aşgabadyň güni bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Goşa baýram ýurdymyzyň ähli uçurymlary bilen 25-nji maýda bellenilýän şanly günüň şatlyklaryny paýlaşan aşgabatlylaryň göwnüni has-da belende göterýär.
Mekdep okuwçylaryny uly durmuş ýoluna ugratmak dabarasy bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýene bir sene – Aşgabat şäheriniň güni, ajaýyp paýtagtymyzyň sarpasyna guralýan dabaralar bilen utgaşyp, bitewi baýramçylyk ýagdaýyny emele getirýär.
Ýene-de sanlyja günden “Soňky jaň” mynasybetli dabaralara gatnaşan uçurymlar jemleýji synaglary tabşyryp, orta bilim hakynda şahadatnamany almak üçin synp otaglaryna gaýdyp gelerler. “Orta bilim hakyndaky şahadatnama” mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň öňünde täze hünärleri ele alyp, ýakyn geljekde ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant goşmagy üçin gapylary giňden açar.