Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy ha­kyn­da bi­möç­ber ala­da­lar edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de spor­tuň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, ýurt­da bu ul­ga­myň ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin uly ta­gal­la­la­ry ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ir­gin­siz ala­da­la­ry bi­len Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň hem-de ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar.
Yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de öňe çyk­ýan iki ugur, ýag­ny sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Sport ba­ra­da aý­dy­lan­da ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de döw­re­bap sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri­dir mer­kez­le­ri we şeý­le mak­sat­ly bi­na­la­ryň en­çe­me­si gu­rul­dy. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bol­sa se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk iri sport des­ga­sy – Olim­pi­ýa şä­her­çe­si bi­na edil­di. Ýur­du­myz­da spor­tuň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ni mil­li Li­de­ri­miz he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar.
Mu­ňa şu hep­dä­niň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de Hö­kü­me­tiň ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mä­ge ba­gyş­la­nan gi­ňiş­le­ýin ýö­ri­te mej­li­si hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Mej­li­siň çäk­le­rin­de şu ýyl ge­çi­ril­jek has mö­hüm äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mä­ge örän köp üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Sport ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge köp mil­liard­lar­ça ma­nat möç­ber­de ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Bu ugur­da gur­lan we gu­rul­ýan des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da köp san­ly sport mek­dep­le­ri­ni we des­ga­la­ry­ny, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ni gör­kez­mek bo­lar. Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di.
Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Olar bu ýa­ryş­lar­da baý­rak­ly orun­la­ry eýe­läp, me­dal­la­ra, şol san­da al­tyn me­dal­la­ra hem my­na­syp bol­ýar­lar. Şu ýyl hem Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri sport çä­re­le­ri­niň bir­nä­çe­si ge­çi­ri­ler. Ola­ryň ge­çi­ril­jek döw­rü­ne çen­li az wagt gal­dy. Şo­ňa gö­rä-de, biz gys­ga wag­tyň için­de bu sport çä­re­le­ri­ne düýp­li taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça köp iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ly­dy­rys di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­na tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­mek üçin de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra söz ber­di.
Ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, hal­ka­ra ral­li­ni üs­tün­lik­li ge­çir­mek we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan et­mek, ýa­ryş­la­ra meş­hur tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, “Af­rica Eco Race” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma gol çe­ki­len­di­gi­ ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem 16-njy maý­da Mosk­wa şä­he­rin­de esa­sy ne­şir­le­riň 50-ä go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­si ba­ra­da dur­lup ge­çil­di. Du­şu­şyk­da öň­de bol­jak hal­ka­ra aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­lü­şi, ge­çi­ri­len saý­la­ma tap­gyr we beý­le­ki çä­re­ler ha­kyn­da gür­rüň ber­ýän wi­deo­ro­lik­ler gör­ke­zil­di.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy üçin teh­ni­ki üp­jün­çi­lik Aw­to­mo­bil spor­ty hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Türk­men aw­tos­port­çu­la­ry­nyň “Amul – Ha­zar 2018” iri möç­ber­li ýa­ryş­lar­da baý­rak­ly orun­la­ry al­ma­gy üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi, Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri D.Gul­gel­di­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze şu ýy­lyň güý­zün­de Aş­ga­bat­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk işleri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “2018-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. To­pa­ryň ge­çi­ren mej­lis­le­ri­niň iki­sin­de dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gu­ra­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Hä­zir­ki wagt­da mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Şu ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ry – 10-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na köp san­ly tür­gen­le­riň, şeý­le hem res­mi we­kil­le­riň, ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ryň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu çem­pio­nat­da ýe­ňiş ga­za­nan tür­gen­ler 2020-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ma­ga ýol­lan­ma ga­za­nar­lar. Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy (IWF) bi­len hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Çem­pio­na­ty ge­çir­mek bo­ýun­ça bu dü­züm bi­len şert­na­ma bag­la­şy­lyp, de­giş­li Düz­gün­na­ma hem tas­syk­la­nyl­dy. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, IWF-niň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri bo­ýun­ça teh­ni­ki we­kil­le­ri taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy bi­len ta­nyş­dy­lar we Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň üp­jün­çi­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Ýa­kyn wagt­da gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­niň çäk­le­rin­de ýur­du­my­za dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len hem-de türk­men Li­de­ri­niň ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä yk­rar­na­ma­sy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy bo­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­le­re taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­tan­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­kyn­da uzak ara­ly­ga ama­la aşy­ran we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi ýaş­lar üçin gö­rel­de mek­de­bi bo­lup hyz­mat ed­ýär hem-de soň­ra Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ta­lyp­la­ryň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň köp san­ly ta­rap­dar­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş dün­ýä de­re­je­sin­de il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän we­lo­si­ped baý­ram­çy­ly­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gy ala­mat­lan­dyr­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de we­lo­si­ped spor­tu­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Aş­ga­bat­da ge­çen Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň çäk­le­rin­de we­lo­si­ped bo­ýun­ça ýa­ryş­lar bol­dy. Ýur­du­myz­da we­lo­si­ped­ler­de şos­se ýol­la­ry bo­ýun­ça ýa­ryş­lar gu­ral­ýar.
Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne ak pa­ta ber­me­gi, şeý­le hem bu bäs­le­şik­le­re, hu­su­san-da, we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­ma­gy ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­sy bi­len esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­le­di.
Şu ýylyň 3-nji iýunyn­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni il­kin­ji ge­zek bel­le­ni­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da hem-de Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, we­lo­si­ped spor­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na bir­nä­çe tek­lip­ler, şol san­da Türk­me­nis­tan­da spor­tuň şu gör­nü­şi bo­ýun­ça dün­ýä, yk­lym we se­bit de­re­je­sin­dä­ki çä­re­le­ri hem-de hal­ka­ra usu­ly­ýet mas­la­hat­la­ry­ny we sport okuw mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça tek­lip­ler hö­dür­le­nil­di. Şeý­le hem 2019-njy ýyl­da ýur­du­myz­da ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti (CIGEPS) hem-de BMG-niň ilat­ly no­kat­la­ry bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy (UN-HA­BI­TAT) bi­len bi­le­lik­de şä­her ulag ul­ga­my üçin we­lo­si­pe­diň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­tyny ge­çir­mek tek­lip edil­di.
Soň­ra mej­li­se ça­gy­ry­lan Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, bü­tin dün­ýä bel­li tür­gen Wýa­çes­law Ýe­ki­mo­wa söz be­ril­di. W.Ýe­ki­mo­wyň bel­leý­şi ýa­ly, Kö­pet­da­gyň etek­le­rin­den uzap gid­ýän ýol­lar en­çe­me on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça köp san­ly mil­li ýa­ryş­la­ry ka­bul ed­ýär, soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, öň­de­ba­ry­jy tür­gen­ler üçin hal­ka­ra okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­nyň geç­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da açyk as­ma­nyň as­tyn­da we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe bir aja­ýyp ho­wa­sy däl, eý­sem, ýur­duň ýo­ka­ry hil­li ýol­la­ry hem ýar­dam ber­ýär.
Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy özü­niň Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­le­şi­gin­de eýe­le­ýän or­nu­ny peý­da­la­nyp, Türk­me­nis­tan­da eý­ýäm 2019-njy ýyl­da spor­tuň şu gör­nü­şi bo­ýun­ça dün­ýä ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri öňe iler­let­me­giň üs­tün­de yh­las­ly iş­le­jek­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len bel­le­di. Myh­man şeý­le hem Türk­me­nis­ta­na şu sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da özü­niň ýol­la­ryň ýag­da­ýy bi­len tan­şan­dy­gy­ny we onuň şos­se ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­ri gu­ra­ma­ga hem do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň je­mi­ni jem­läp, ola­ry üs­tün­lik­li çöz­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri kes­git­le­di.