Hazaryň türkmen kenary – gülläp ösüşleriň, özgertmeleriň hem-de rowaçlyklaryň kenary. Ol Hazaryň merjeni hökmünde bütin dünýäde barha meşhurlyga eýe bolýar. Şypaly deňziň kenarynda milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça türkmen tejribesi beýleki Hazarýaka döwletlerinde uly gyzyklanma döredýär. Awaza hemişe ösüşde. Onuň gurluşyk, abatlaýyş işleri barha giň gerime eýe bolýar. Her gezek Awaza baranyňda, täzeliklere, işleriň ýokary depginine hem-de guwandyryjy netijelere gözüň düşýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary esasynda bu ýerde giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr uzaklykda goja Hazaryň suwy, jana şypaly kenary başlanýar. Awaza deňiz gözelligi, tolkunlaryň owazy, şypalylygy bilen hemişe adamlary özüne çekýär. Deňiz kenarynda oturmak, ony uzak wagtlap synlamak hem adamy rahatlandyrýar, saglygyna gowy täsir edýär. Bu ýerde dem almak hem adatdakylardan has ýeňil, sebäbi deňiz howasy dem alşy ýeňilleşdirýär, dem alyş ýollaryny arassalaýar hem-de mineral maddalar bilen bedeni iýmitlendirýär. Şonuň üçin deňiz kenary dynç almak üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanylýar. Awazanyň deňiz howasynyň basyşy, arassalygy, derde derman deňiz suwy, salkyn şemaly, gün şöhlesi bu ýerde dynç almaga gelýänleriň ýadawlygyny dessine aýyrýar. Bu ýerlerdäki şertler islendik ýaşdaky adamlar üçin peýdaly. Deňizde yzygiderli dynç alýan ýaşuly nesliň wekilleri hem taplanyp, juwan keşbe eýe bolýarlar. Şundan ugur alnyp, Awazada çagalar üçin hem, ulular üçin hem dynç almaga oňaýly şertler döredildi. Awazanyň howasy we suwy endokrin, ýürek-gan damar, daýanç-hereket ediş ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde, olaryň öňüni almakda örän peýdalydyr.
Deňiz suwuna düşmek bedeni berkidýär, onuň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar hem-de madda alyş-çalyş işjeňligini sazlaýar. Ylmy barlaglar deňiz suwunyň düzüminiň adam bedenindäki ganyň plazmasy bilen örän çalymdaşdygyny görkezýär. Adam bedeni deňiz suwundan özüne gerekli, peýdaly mikroelementleri alyp, has kuwwatlanýar. Umuman, deňiz suwy tebigatyň gymmatly baýlygydyr. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, kislorod, wodorod, uglerod, magniý, ýod, hlor, ftor, brom, kükürt, natriý, kremniý ýaly zerur elementleriň bolmagy hem muny tassyklaýar.
Awazanyň “uçup ýören witaminleri“ hem saglygyň tapylgysyz dermany.Onuň howasyndaky fitosindler – biologiki işjeň maddalar dürli bakteriýalaryň, kömelekleriň we şoňa meňzeş kesel döredijileriň ösmeginiň, köpelmeginiň öňüni alýar. Bedeniň kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle jadyly kenaryň goýnunda dynç alanlar uzak wagtlap onuň täsirinden çykyp bilmeýärler. Işlemäge, döretmäge uly güýç toplap, bagtyýar ýaşaýarlar.
Hazaryň türkmen kenary – altyn kenar. Goýnunda gymmatly hazynalar gömülen ýaly altyn çägäniň üsti bilen kenar boýy ýöräp barýarkaň, her ädimde täze gözellik, täze görnüş açylýar. Tolkun atyp duran çägeli kenar, deňiz balykgulaklary ýazylyp ýatan ak kenar, gadymdan galan yzlardan nagyşlanan deňiz daşlary bilen tebigy bezelen kenar göwnüňi göterýär. Deňiz ýalpaklygy hem suwa düşmäge örän amatly, onuň arassalygy barada aýtsak, dury wagty suw astyndaky balykgulaklary sanabermeli.
Döredilen ýüzlerçe gektar tokaý zolaklary, täze ekilýän baglary, bagy-bossan seýilgähleri bilen Awaza ýaşyl kenara öwrülýär. Deňiz kenarynda süýji suwuň gyt şertlerinde – çägede gür baglygy döretmek – ylmyň işi. Türkmen alymlary bu sebitiň tebigy şertlerini düýpli öwrenip, şoňa laýyklykda, baglary ýetişdirmegiň ylmy esaslaryny kesgitlediler.
Awazada suwuň biologik usulda arassalanylmagy hem-de baglary suwarmak üçin ulanylmaga berilýänligi bu ýerde ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekde uly rol oýnaýar. Bu oňyn ýagdaý kenarda “ýaşyl“ tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýandygyny, işlere döwrebap çemeleşilýändigini görkezýär.
Häzirki zaman lukmançylygynda aeroionoterapiýa, ýagny dürli keselleri ionly howa bilen bejermäge uly üns berilýär. Emeli usulda aeroionlar bilen baýlaşdyrylan howanyň täsirinde keselleri bejerýärler. Tebigy usulda bolsa, gök otluk, bag-bakjalyk ýerlerde, dagda, şaglawuklaryň golaýynda, geýzerleriň ýanynda hem-de deňiz kenarynda aeroionlar saglyga oňaýly täsir edýär. Awazanyň deňiz kenarynda gür baglaryň döredilmegi kislorodyň köpelmegine, howa ýagdaýyna düýpli täsir edýär. Netijede, bu ýerde aeroionoterapiýany we lukmançylygyň başga-da birnäçe ugurlaryny ösdürmekdäki ähmiýeti has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljekde Awaza gür bagly şäher hökmünde uly abraýa eýe bolar. Saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi halkymyz bagtyýarlyk hasaplaýar. Awaza gelýänleriň sport bilen meşgullanmagy, bu ýerde iri sport ýaryşlaryny geçirmäge şert döretmek üçin döwrebap, köp ugurly sport toplumlary ulanylmaga berildi, täzeleriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Olaryň ençemesiniň ulanylmaga beriljek günleri daşda däl.
Awaza Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan gülleýän, Watanyna, halkyna söýgüsinden nurlanýan sagdynlygyň, nuranalygyň, owadanlygyň, gözelligiň mekanyna öwrüldi.
Awazada dynç alyp, dertlerine şypa tapýan bagtyýar raýatlarymyzyň aýdyşy ýaly, goja deňziň çyrpynýan tolkunlarynda eziz Arkadagymyzyň adyna alkyşlaryň şirin owazy bar!
Ogulgeldi Annaýewa,
TDLU-nyň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň müdiri.