Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­len Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 5-nji bäs­le­şi­gin­de “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 27 aý­la­wy 41 mi­nut 49,733 se­kunt­da ta­mam­lap, yz­ly-yzy­na 3-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 38-nji ýeň­şi­dir. On­dan 2,3 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zen ita­li­ýa­ly Da­ni­lo Pet­ruç­çi 2-nji (“Al­ma Pra­mac Racing Ducati”), baş­ga bir ital­ýan sü­rü­ji­si Wa­len­ti­no Ros­si (“Movis­tar Ya­ma­ha Mo­toGP”) 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ge­çi­ri­len bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 95-e ýe­ti­ren Mar­kes 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 2-nji ýer­dä­ki Mark Win­ýa­le­siň 59, 3-nji orun­da­ky Ýo­han Zar­ko­nyň 58 utu­gy bar. Mo­to GP-dä­ki 6-njy bäs­le­şik 3-nji iýun­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­ler.