UEFA-nyň klub­la­ryň ara­syn­da­ky ikin­ji de­re­je­li ku­bok ýa­ry­şy bo­lan Ýew­ro­pa li­ga­syn­da “At­le­ti­ko Mad­rid” ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar Fran­si­ýa­nyň Li­on şä­he­rin­dä­ki “Olim­pik Park Li­on” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da fran­suz to­pa­ry “Mar­sel­den” 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­lan­di­ýa­ly Býörn Kui­per­siň jür­le­wük ça­lan du­şu­şy­gy­na 55768 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Du­şu­şy­gyň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da fran­suz to­pa­ry hü­jüm ba­bat­da öňe saý­la­nan hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len, oý­nuň jy­la­wy­ny ele alan mad­rid­li­ler gar­şy­daş­la­ry­nyň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di­ler. Gol­la­ry 21-nji we 49-njy mi­nut­lar­da fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi An­tu­an Griz­mann hem-de 89-njy mi­nut­da is­pa­ni­ýa­ly Ga­bi to­ra ýol­la­dy. Şeý­le­lik­de, “At­le­ti­ko” to­pa­ry 2010-njy we 2012-nji ýyl­lar­dan soň, bu ku­bo­gy 3-nji ýo­la as­ma­na gö­ter­di. Du­şu­şy­gyň gah­ry­ma­ny diý­lip, 2 gol ge­çi­ren Griz­mann saý­lan­dy.
1962-nji ýyl­da şol wagt­ky Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy­ny-da ga­za­nan “At­le­ti­ko Mad­rid” Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 3 ku­bo­gy bo­lan “Ýu­wen­tus”, “In­ter” hem-de “Li­wer­pul” to­par­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ýew­ro­pa li­ga­syn­da “Se­wil­ýa” iň köp ýe­ňiş ga­za­nan to­par bo­lup, an­da­lu­si­ýa­ly­la­ryň klub mu­ze­ýin­de UEFA-nyň ikin­ji de­re­je­li ku­bo­gyn­dan 5 sa­ny­sy bar. Şeý­le-de At­le­ti­ko­nyň bu ýe­ňşi is­pan klub­la­ry­nyň Ýew­ro­pa li­ga­syn­da­ky 11-nji ku­bo­gy­ diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.

Fran­suz to­pa­ry­nyň­ky bu gezegem bol­ma­dy
“Mar­sel” to­pa­ry bol­sa, 1999-njy we 2004-nji ýyl­lar­dan soň, bu ýa­ryş­da­ky 3-nji ge­zek­ki fi­na­lyn­da-da utul­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da-da bir ge­zek fi­nal­da (1991) ýeň­len “Mar­se­liň” ga­za­nyp bil­me­dik fi­nal­la­ry­nyň sa­ny 4-e ýet­di. Umu­my­lyk­da, fran­suz to­par­la­ry­nyň Ýew­ro­pa li­ga­syn­da­ky ku­bok­syz ýö­ri­şi do­wam ed­ýär. “Mar­sel­den” baş­ga-da “Bas­ti­ýa” we “Bor­do” to­par­la­ry-da bu ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da utu­lyp­dy. Umu­my­lyk­da 5-nji fi­na­lyn­da­nam boş gaý­dan fran­suz to­par­la­ry­nyň UEFA-nyň hä­zir­ki klub ýa­ryş­la­ryn­da di­ňe 1 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol hem 1993-nji ýyl­da “Mar­se­liň” ga­za­nan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ ku­bo­gy­dyr. Fran­suz to­par­la­ry Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da-da 5 fi­nal­dan boş gaýt­dy.