Ýewroliga basketbol ýaryşynda (THY Euroleague) Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 10-njy çempionlygyny gazandy. Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen “Final Four”-yň finalynda “Real Madrid” geçen ýylyň çempiony, yzly-yzyna 3-nji gezek finalda çykyş eden “Fenerbahçe” toparyny 85–80 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, “Real Madrid” topary 10-njy gezek yklymyň iň uly kubogyny asmana göterdi. Duşuşykda çempion bolan topara Kauser 17, Donçiç 15 utuk gazandyrdy. “Real Madridiň” ýyldyz basketbolçysy sloweniýaly Luka Donçiç “Final Four”-yň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. 3-nji ýer üçin geçirilen oýunda-da taryhynda 2-nji gezek “Final Four”-a çykan Litwanyň “Žalgiris” topary bürünç medalyň soňky eýesi SSKA-ny (Moskwa) 79–77 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.