Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Serie A-­da” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­a gat­naş­jak 4-nji to­par soň­ky tap­gyr­da kes­git­len­di. Du­şu­şy­ga baş­lan­maz­dan ozal, “La­sio” 4-nji or­ny eýe­le­ýär­di. Ýö­ne rim­li­ler du­şu­şyk­da 2–1 öňe saý­la­nan hem bol­sa­lar, soň­ky mi­nut­lar­da 2 gol ge­çi­ren “In­ter” 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ne­ti­je­de, utuklary deň hem bolsa, iki­çäk oýun­lar­da “In­ter” öňe saý­la­nyp, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­a ýol­lan­ma al­dy.
Çem­pi­on “Ýu­wen­tus” Buf­fon, Asa­moa, Lihş­taý­ner ýa­ly oýun­çy­la­ry­nyň soň­ky ge­zek bu to­pa­ryň adyn­dan çy­kyş eden du­şu­şy­gyn­da “We­ro­na­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “Na­po­li­den” 2–1 ha­sa­byn­da utu­lan “Kro­to­ne” to­pa­ry li­ga bi­len hoş­la­şan 3-nji klub bol­dy. Ýew­ro­pa li­ga­sy­na gat­naş­jak “Mi­lan” öz meý­dan­ça­syn­da “Fio­ren­ti­na­dan” 5–1 üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Kut­ro­ne 2 gol ge­çi­ren bol­sa, Çal­ha­nog­lu 3 go­luň pa­sy­ny be­rip, 1 pök­gi­ni-de der­we­zä gi­riz­di.