Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da mil­li çem­pio­nat­la­ryň ta­mam­lan­ma­gyn­dan soň, bir­nä­çe to­par tä­lim­çi­si­ni ça­lyş­dy. “Se­rie A-da” çem­pi­on­ly­gy soň­ky tap­gyr­lar­da “Ýu­wen­tu­sa” al­dy­ran “Na­po­li” to­pa­ry tä­lim­çi­si Mau­ri­zio Sar­ri­ni bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. To­pa­ryň pre­zi­den­ti Au­re­lio de Lau­ren­tis 59 ýaş­ly Sar­ri­niň or­nu­na 58 ýaş­ly Kar­lo An­çe­lot­ti­niň tä­lim­çi­li­ge bel­le­nen­di­gini ha­bar be­r­di. Ita­li­ýa­da “Par­ma”, “Ýu­wen­tus”, “Mi­lan” ýa­ly klub­lar­da iş­län An­çe­lot­ti 3 ýyl­lyk ge­le­şi­ge gol çek­di.
* Lon­do­nyň “Ar­se­na­ly” 22 ýyl­lyk tä­lim­çi­si Ar­sen Wen­ge­riň or­nu­na is­pa­ni­ýa­ly Unaý Eme­ri­ni we­zi­pä bel­le­di. 46 ýaş­ly Eme­ri 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.
* Möw­sü­mi 4-nji ha­tar­da ta­mam­lan Dort­mu­ndyň “Bo­rus­si­ýa­syn­da-da” tä­lim­çi çal­şyl­dy. Awst­ri­ýa­ly Pi­ter Sto­ge­riň or­nu­na şweý­sa­ri­ýa­ly Lu­si­en Fawr to­pa­ryň tä­ze tä­lim­çi­si bol­dy. 2 möw­süm Fran­si­ýa­nyň “Nis­sa” to­pa­ryn­da iş­län 60 ýaş­ly Fawr 2020-nji ýy­lyň tom­su­na çen­li şert­na­ma gol çek­di. Ol “Bun­des­li­ga­da” “Her­ta”, “Bo­rus­si­ýa M.” to­par­la­ry­na-da tä­lim be­rip­di.
* Çi­li­li tä­lim­çi Ma­nu­el Pel­leg­ri­ni ýe­ne-de “Pre­mi­er li­ga” do­lan­dy. 2 ýyl­dan bä­ri “He­bei Çaý­na For­tu­na” (Hytaý) toparyna tä­lim ber­ýän 64 ýaş­ly Pel­leg­ri­ni “West Ham” bi­len 1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Pel­leg­ri­ni 2014-nji ýyl­da “Man­çes­ter Si­tä” çem­pi­on­lyk ga­zan­dy­ryp­dy.
* PSŽ to­pa­ry Unaý Eme­ri­niň or­nu­na ger­ma­ni­ýa­ly To­mas Tu­he­li we­zi­pä bel­le­di. “Maýns”, “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” ýa­ly to­par­la­ra tä­lim be­ren 44 ýaş­ly tä­lim­çi pa­riž­li­ler bi­len 2020-nji ýy­la çen­li yla­la­şyk ga­zan­dy.