Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan ägirt uly işleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklam döretdi.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolup, halkara sport ulgamyndaky abraýy belent derejelere ýetirilýär. Ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, sportuň ähli ugurlarynda sazlaşykly ösüş depgini gazanylýar. Diýarymyzda sportuň işjeň ösdürilýändiginiň subutnamasy hökmünde ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli ýaryşlary görkezmek bolar. Sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir. Häzirki zaman welotrekleriň hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän yzygiderli welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ýola goýan ajaýyp ýörelge welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Türkmenistanda welosiped sportunyň öňden gelýän däpleriniň bardygy bellidir – welosipedçileriň birinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Ýöne welosiped sportunyň ösdürilmegi soňky ýyllarda, dünýäniň sport bilen has köp meşgullanýan Prezidentleriniň biriniň, ýagny Türkmenistanyň Baştutanynyň tagallalarynyň netijesinde aýratyn depgine eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 3-nji iýuny – Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan edilmegi netijesinde, bu halkara baýramçylyk ilkinji gezek bellenilýär. Milli Liderimiz her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmek hem-de ony ýokary derejede belläp geçmek babatda gol çeken Permany watandaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Milli Liderimiz welosiped sportunyň ynsan saglygyna täsiriniň uludygyny nygtaýar. Welosiped sürlende berjaý edilýän hereket beden sazlaşygyny, onuň berkemegini we adamyň durkunyň degişli derejede saklanmagyny üpjün edýär. Şeýle bolansoň, tutuş dünýäde sportuň bu görnüşine diňe bir bäsleşikleri guramak üçin däl-de, ynsan saglygynyň berkidilmegi babatda hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny berkitmegiň iň gowy serişdesi hökmünde sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sportunyň ösüşine üns bermegi, ildeşlerimiziň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki döwürde welosiped sürmek bilen meşgullanmak bütin dünýäde saglygy berkitmegiň iň ygtybarly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ykjam, ähli babatda howpsuz, ýeňil ulag serişdesi bolan welosiped adamlaryň hemrasydyr. Ol garry-juwan, aýal-erkek, ýaş-ýeleň mahlasy, ähli ýaşdakylaryň bedeniniň berkemeginiň, gan aýlanyşynyň kadaly we sazlaşykly işlemeginiň, işjeňliginiň artyp, uzak ömre eýe bolmagynyň ygtybarly we möhüm ugrudyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, welosiped sürmek bilen yzygiderli meşgullanýan adam aglaba ýagdaýlarda derman serişdelerinden hem çetde durýar. Alymlaryň bellemegine görä, bir günde birnäçe wagt welosipedli gezelenç etmek ynsan ruhunyň galkynmalara eýe bolmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzda welosiped sporty boýunça köpçülikleýin ýörişleriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Şeýle ýörişler welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna getirýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň şu taryhy günlerinde halkara derejesindäki täze baýramçylyk türkmen sportunyň beýik ösüşlerini alamatlandyrýar.
Şu ýerde ýene-de bir zada üns çekmek has ýakymly bolsa gerek. Tutuş dünýäde welosiped ekologik ulag hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ilatynyň köp sanly haýyşlaryny nazara alyp, 3-nji iýunda ýurdumyz boýunça giň möçberli ekologiýa çäresini – awtoulagsyz güni geçirmek hem göz öňünde tutuldy. Şol gün ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda welosipedli ýörişleriň geçirilmegi sport hem-de saglygyň özboluşly sazlaşygyna öwrüler. Şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işlere saldamly goşant bolar.
Umuman, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýyl hem ýurdumyz üçin iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýylyna öwrüler. Ylgaw ýaryşyny, welosipedli ýörişleri we halkara awtorallini öz içine alýan iri “Amul – Hazar 2018” sport çäresi, şeýle-de agyr atletika boýunça Aşgabatda geçiriljek Dünýä çempionaty we beýleki milli derejeli bäsleşikler hemmeleriň buýsanjyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport we sagdynlyk bir bitewi düşünjedir. Yzygiderli türgenleşikler adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onuň işjeňligini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar, onda pugta erki, maksada okgunlylygy terbiýeleýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz hemmämiz üçin nusgalyk göreldedir. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylykda we eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz iş alyp barmakda hem şeýledir.