Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara festiwalynda türkmen atly ýigitleri “Altyn Gaetano” diýen baş baýraga mynasyp boldular. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlarymyza halkymyzyň buýsanjyny nobatdaky gezek artdyrdy.
Ahalteke atlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak we gorap saklamak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat hormatly Prezidentimize degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa, daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Biziň atly ýigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda çykyş etdiler hem-de her gezek uly seslenme döretdiler.
Ynha, Sankt-Peterburgda hem şeýle boldy, bu ýerde 24-27-nji maýda halkara festiwaly geçirilip, ol Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, Norwegiýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden sirk artistlerini ýygnady.
Türkmen jigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdylar. Russiýa Federasiýasyndan Watanymyza gaýdyp gelen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar we “Türkmen jigitleri” toparlary köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary we aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyldy, olara hormatly Prezidentimiziň hut özi Gutlag hatyny iberdi.
Aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň howa menziline barýan ýoluň ugruna çykyp, Halkara sirk festiwalynyň ýeňijilerini mübäreklediler. Jigitler bedewlere atlandylar we dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda paýtagtymyzyň şaýollary bilen şäheriň Döwlet sirkine geldiler.
Dabaralar sirkiň binasynda dowam etdi, manežde aýdyň öwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy. Tomaşa başlanmazdan ozal hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparlaryna iberen Gutlagy okaldy.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde türkmen atly ýigitleriniň we gyzlarynyň halkara derejesinde geçirilýän festiwallarda uly ýeňişleri gazanýandyklaryny nygtap, munuň üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Dabaranyň gahrymanlarynyň hormatyna bu ýerde belli estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Onuň maksatnamasyna akrobatika çykyşlary, masgarabazlaryň we beýlekileriň çykyşlary girizildi. Bu ýerde gurnalan manežde atly ýigitleriň we gyzlaryň çykyşlary hem boldy. Olar hemişe bolşy ýaly, sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly milli öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda ýurdumyzda milli sirk sungaty hem ösdürilýär. Ençeme ýyllardan soň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Hut şol ýyl hem täze topar türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ukrainada saparda boldy. Atly ýigitler dostlukly ýurtda şowly çykyş etdiler. Ol bolsa, bu toparyň şöhratly terjimehaly üçin badalga öwrüldi.
2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda ilkinji uly üstünligini gazandylar. Italiýanyň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen XVI Halkara sirk festiwaly türkmen jigitlerine nobatdaky ajaýyp ýeňşi getirdi, şonda biziň atçylarymyza bäsleşigiň baş baýragy – Altyn kubok, şeýle hem beýleki baýraklar we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.
2015-nji ýyl hem şonuň ýaly boldy. Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherindäki festiwalda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we baş baýraga – Altyn kuboga mynasyp boldy.
2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda türkmen atlylary ýene-de ýeňiji bolup, ýaryşyň baş baýragyny eýelediler.
Biziň jigitlerimiz özlerine bildirilen belent ynamy abraý bilen ödäp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bedew bady bilen okgunly ösüşini alamatlandyrýan bedewleriň üstünde Döwlet baýdagymyzy nobatdaky gezek belende galdyryp, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny artdyrdylar.