Paýtagtymyzda “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly ministrler derejesindäki sebit maslahaty geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Foruma ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary-da çagyryldy. Türkmen tarapyndan degişli edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan bu çäräniň ýokary derejesini bellediler. Forumyň myhmanlary – ilçi, ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işlerini utgaşdyryjysy jenap Wuk Žukiç, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hanym Natalýa Drozd, Owganystanyň ykdysadyýet ministri doktor Mastur Mohammad Mustafa, Täjigistanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary hanym Gulru Jabborzoda we beýlekiler netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, söwda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýurtlary ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň ösüşine geçirilen seljerme soňky 20 ýylda olaryň hemmesiniň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyndan ep-esli utuş gazanandyklaryny görkezýär. Söwdanyň giňelmegi girdejileriň artmagyna hem-de bilelikde gülläp ösmäge ýardam berýän ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýar.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň güýçli bazarlaryň döredilmegine, söwdanyň we maýa goýumlaryň höweslendirilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna has-da goşulyşmagyna hemaýat bermegine hem-de düýpli ykdysady özgertmeleriň öňe ilerledilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Umuman, nygtalyşy ýaly, şu maslahat döwrüň has möhüm meseleleri hususan-da, innowasiýalar arkaly sebitde ÝHHG-niň ykdysady ösüşlere ýardam bermegi, adam maýasynyň ösdürilmegi hem-de degişli dolandyryş ýaly meseleler boýunça agza döwletleriň arasynda gepleşikleriň we netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedir.