Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň garamagyndaky saglyk merkeziniň alymlary her gün ýumurtga iýmegiň peýdasy babatda ylmy-barlag işini geçirdiler. Bu giň gerimli ylmy-barlag işine ýarym milliona golaý adam gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy 51 ýaş bolup, olaryň birisi-de ylmy seljerme geçirilen döwründe hiç hili ýürek-damar keselleri ýaly kesel bilen ejir çekmändir. Bu barlag 9 ýyl dowam edipdir.
Barlaga gatnaşýan adamlar ortaça her gün ýarym ýumurtga, 13 göterimi her gün bir ýumurtga iýipdir. 9 göterimi bolsa, ýumurtga iýmändir. Barlagyň netijesine görä, ýumurtga adamlaryň ýüregine hiç hili zyýan bermän, tersine ýürek-damar kesellerinden gorapdyr. Ýumurtga iýmedik adamlarda şol döwürde ýüreginiň işleýşinde köplenç, näsazlyklar ýüze çykypdyr.
Alymlar barlaglaryň netijesi bilen tanşyp, ozal hasap edilişi ýaly, ýumurtganyň adam ýüregine gaty howply iýmit bolmandygyny anyklapdyrlar. Ýumurtga sagdyn iýmit sanawynyň esasy bölegidir. Onuň düzüminde köp sanly beloklar A, B, B12 we D witaminleri, şeýle hem göz üçin möhüm bolan lýuten we zeaksantin ýaly peýdaly maddalar bar. Şeýle hem ony aşa köp iýmeklik maslahat berilmeýär, günde bir ýumurtga iýmek ýeterlikdir.