Gollandiýanyň Groningen uniwersitetiniň alymlary köp mukdarda belok iýmekligiň ýürek ýetmezçiliginiň hem-de biwagt ölümiň öňüni alýandygyny mälim etdiler. Bu barada “The Times” neşiri habar berýär.
Bu ylmy-barlaga Ýewropanyň 11 ýurdundan 2281 adam gatnaşyp, olaryň ortaça ýaşy 68 ýyla deňdir. Olaryň iýen beloklarynyň derejesi peşew barlaglarynyň netijesinde kesgitlendi. Hünärmenler gatnaşyjylaryň ýagdaýy bilen 2 ýyl gyzyklandylar.
70 ýaş we ondan uly ýaşly adamlaryň belli bir bölegi gan aýlanyş ulgamynda käbir bozulmalara duçar bolýarlar, garrylyk döwründe adam bedeni beloklary ýürek myşsasynyň täzelenip durmagy üçin ulanýar. Şonuň üçin düzüminde belok derejesi ýokary bolan iýmitler myşsalaryň güýçlenmegine oňyn täsirini ýetirip, ýüregiň uzak wagtlap sagdyn bolmagyna kömek berýär.
Hydyrberdi REJEPMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.