ünýäde şäher ilatynyň artmagy, ýerasty energiýa gorlarynyň gorunyň çäkli bolmagy, olaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýany, iň esasysy tebigaty arassa saklamak ugrundaky tagallalaryň köpelmegi netijesinde, energiýadan has netijeli peýdalanmaga, olaryň alternatiw görnüşlerini tapmaga itergi berýär. Energiýany sarp etmekde durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülen awtoulaglaryň has uly paýynyň bardygy ikuçsyzdyr. Şol sebäpli dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary awtoulaglaryň daşky gurşawa has az zyýan ýetirmegini gazanmak üçin dürli taslamalary durmuşa geçirýär. Germaniýanyň uly göwrümli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Mercedes” kompaniýasy hem geljekde gibrid we elektroulaglar bilen bir hatarda dizel motorly modelleri işläp taýýarlamagyny dowam etdirer.
Kompaniýa tygşytly, arassa we Ýewropa ýurtlarynda ýaýran dizel motorlara islegiň ýokarlanýandygyny nazarda tutup, şeýle ulaglary has köp öndürer. Dizel hereketlendirijiler orta möhletde “Mercedes-Benz”-iň ähli awtoulaglarynda we mikroawtobuslarynda peýda bolar. Kompaniýanyň inženerleri ulagyň yzky, öňki ýa-da dört tigirini birden aýlaýan şeýle hem inine we boýuna ýerleşdirip bolýan hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar. “Premium dizel” motorlar nemes brendiniň täze ulaglarynyň howa goýberýän kömürturşy (CO2) gazyny azaltmaga uly goşant goşar. Häzirki wagtda zyýanly gazlaryň mukdary 2014-nji ýyldaka garanyňda, her kilometrde 6 gram azalyp, ortaça, 123 g/km derejesine çenli azalypdyr. Kompaniýanyň geçen ýylyň dowamynda Ýewropada satylan ulaglary howa goýberýän zyýanly gazlarynyň ortaça görkezijisini azaltmaga saldamly goşant goşdy. Brendiň ulaglary 100 kilometrde ortaça, 5 litr ýangyç sarp edýärler.
Kompaniýa häzirki wagtda CO2 gazynyň howa goýberijilişi her 120 g/km-den az bolan 68 model hödürleýär. 108 ulagy bolsa, “A+” ýa-da A derejesinde energiýa netijelilik derejesine eýe. Olaryň 87 sanysyny dizel motorlar emele getirýär.
Ýewrokomisiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän “Odyssee Mure” taslamasyna laýyklykda dizel motorly täze ulaglar ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga ýardam eder. Bu taslamanyň çäklerinde 11 şäherde geçirilen barlagyň netijesinde ýangyç sarp edişi 5 lt/100 km-den az bolan täze ulaglar 70 göterimlik paýa eýe. Umumylykda alnanda dizel hereketlendirijili ulaglar bazaryň 53 göterimini eýeleýär.
Ýangyçdan tygşytly peýdalanmak üçin täze taslamalar taýýarlandy. Onda ulagy aerodinamika taýdan kämilleşdirmek, ýeňil materiallardan we energiýadan has netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisini dizel hereketlendirijilerde soňky tehnologiýadan peýdalanmak arkaly amala aşyrylmagy maksat edinilýär.
Gibrid ulaglaryň ähmiýeti
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ählisi diýen ýaly gibrid tehnologiýadan peýdalanýar. Bu ugurda häzire çenli “Toyota” iň öňdäki orunda barýar. Emma soňky ýyllarda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan nemes kompaniýalary hem bu ugurda uly tagalla edýärler. Geljek ýyllarda “Mercedes-Benz”-iň gibrid ulaglarynyň onusy ýol hereketine goşular.
Elektroulaglaryň sany artýar
Geçen ýyl “B 250 e” elektroulagyny hödürlän kompaniýa şeýle ulaglaryň täze nusgalaryny çykarmagyny dowam etdirer. Şeýle hem bir gezekki zarýad bilen 400-500 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulaglaryň öndürilmegi üçin tagalla edilýär. Brend geljek ýyl GLC bazasynda daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlanýan ulagy satuwa çykarar. Şeýle hem kompaniýa arassa we alternatiw energiýa çeşmeleriniň has hem kämilleşdirilmegi üçin dürli taslamalary taýýarlaýar.