Uk­rai­na­nyň paý­tag­ty Ki­ýew­dä­ki Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da oý­na­lan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 63-nji fi­na­ly­na iň­lis to­pa­ry “Li­wer­pul” diý­seň şow­ly, yzy­gi­der­li hü­jüm­ler bi­len baş­la­dy. Hat­da olar go­la iň go­laý ta­rap hem bol­dy. Bu ýag­daý Mo­ha­med Sa­lah oýun­dan çyk­ýan­ça do­wam et­di. Ra­mo­syň eden he­re­ke­tin­den soň, çep eg­ni­ne dü­şen Sa­la­hyň oý­ny do­wam et­di­rip bil­me­jek­di­gi edil şol pur­sat­da-da bel­li bo­lup­dy, as­lyn­da. Ol luk­man kö­me­gin­den soň, meý­dan­ça do­lan­dy. Ýö­ne Sa­lah meý­dan­ça­da gal­mak üçin nä­çe dyr­jaş­sa-da, eg­nin­dä­ki süňk­le­riň bi­ri­niň dö­wül­me­gi, onuň oý­ny do­wam et­dir­me­gi­ne yg­ty­ýar ber­me­di. Ol to­par­daş­la­ry­nyň, jan­kö­ýer­le­riň, şol bir­wag­tyň özün­de-de “re­al­ly” kä­bir oýun­çy­la­ryň gol­da­wy bi­len meý­dan­ça­ny terk et­mä­ge mej­bur bol­dy. Sa­la­hyň oýun­dan çyk­ma­gyn­dan soň, ruh­dan dü­şen “li­wer­pul­ly­la­ryň” tä­lim­çi­si Klopp to­pa­ryň tak­ti­ki dü­zü­li­şi­ni üýt­get­me­li bol­dy. Ne­mes tä­lim­çi­si bu möw­süm şi­ke­si se­bäp­li az du­şu­şyk ge­çi­ren Adam Lal­la­na­ny oý­na al­dy we bia­laç 4–3–3 tak­ti­ka­syn­dan 4–4–2 tak­ti­ka­sy­na geç­di. Şon­dan soň, “Rea­lyň” çep gy­ra­ky go­rag­çy­sy Mar­se­lo öňe gi­dip baş­lan bol­sa, şol pur­sa­ta çen­li 2–3 ge­zek is­pan to­pa­ry­nyň der­we­ze­si­ne hü­jüm gur­nan “Li­wer­pu­lyň” çep gy­ra­ky go­rag­çy­sy Alek­san­der-Ar­nold du­şu­şy­gyň ahy­ry­na çen­li di­ýen ýa­ly kän bir hü­jü­me go­şul­ma­dy. Sa­la­hyň meý­dan­ça­ny bia­laç bi­len terk et­me­gi ta­rap­ly-ta­rap­syz hem­mä­ni ju­da gy­nan­dyr­dy. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da tä­ze ýyl­dy­zyň şi­kes al­ma­gy wa­ka­ny ha­sam gy­nanç­ly ýag­da­ýa ge­tir­ýär. Şu ýer­de Sa­la­hyň 3 hep­de­den soň go­wu­laş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. El­bet­de 1-nji ýa­rym­da şi­kes alan di­ňe Sa­lah bol­man, “Rea­lyň” sag gy­ra­ky go­rag­çy­sy Da­ni­el Kar­wa­hal hem ozal­ky şi­kes­li aýa­gyn­dan tä­ze­den şi­kes alyp, ol hem gam­gyn hal­da oýun­dan çyk­dy.
Oý­na do­la­nyp gel­sek, du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­dy. 43-nji mi­nut­da Ro­nal­do­nyň kel­le bi­len uran ur­gu­sy­ny Lo­ris Ka­ri­us sow­dy. Şol pur­sat­da-da to­py der­we­zä gi­ri­zen Ben­ze­ma­nyň bu go­ly off­saýd diý­lip, ha­sa­ba alyn­ma­dy.
2-nji ýa­ry­myň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da (48-nji mi­nut­da) Is­ko­nyň uran ur­gu­sy der­we­zä­niň ýo­kar­ky sü­tü­ni­ne de­gip, yza gaýt­dy. Mo­ral hem-de tak­ti­ki taý­dan üs­tün­li­gi ele alan “Re­al Mad­rid” hü­jüm­le­ri­ni has-da art­dy­ryp baş­la­dy. 51-nji mi­nut­da “Li­wer­pu­lyň” ne­mes der­we­ze­çi­si edil oýun ed­ýän ýa­ly, gö­dek, edil gül­künç wi­deo şe­kil­ler­dä­kä meň­zeş ga­ty uly ýal­ňyş­lyk goý­ber­di. To­py oý­na gi­riz­jek bo­lan­da, he­mi­şe pur­sat­lar­dan ýer­lik­li peý­da­lan­ýan Ka­rim Ben­ze­ma to­pa aýa­gy­ny goý­dy. Ol to­pam hem­mä­niň gö­zü­niň öňün­de ýu­waş-ýu­waş­dan der­we­zä ta­rap to­ga­lan­dy. Ha­sam la­py­keç bo­lan “Li­wer­pul” her­ni­çik-de bol­sa, bu go­la 4 mi­nut­dan soň jo­gap ber­me­gi ba­şar­dy. 55-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň, Sa­dio Ma­ne to­py der­we­zä gi­ri­zip, ha­sa­by deň­le­di. Deň­lik­den soň Zi­dan tak­ti­ki üýt­ge­şik­li­k et­di. Ol 61-nji mi­nut­da Is­ko­nyň or­nu­na Ga­ret Beý­li oý­na alyp, 4–3–3 dü­zü­li­şiň öň­dä­ki 3-li­gi­niň ýer­le­ri­ni üýt­get­di. Sa­la­hyň çyk­ma­gy bi­len çep gy­ra­da­ky gat­na­wy­ny art­dy­ran Mar­se­lo­nyň be­ren pa­syn­dan soň, 64-nji mi­nut­da gel­şi­ne to­pa üs­ta­şyr uran Ga­ret Beýl owa­dan gol bi­len to­pa­ry­ny öňe çy­kar­dy. 70-nji mi­nut­da “Li­wer­pu­lyň” ruh­dan düş­me­dik ýe­ke-täk ýyl­dy­zy, Ra­mo­syň gar­şy­sy­na ýi­ti gö­reş alyp ba­ran Sa­dio Ma­ne­niň bir ur­gu­sy­ sü­tü­ne de­gip, yzy­na gaýt­dy. 83-nji mi­nut­da ýe­ne-de Mar­se­lo­nyň pa­syn­dan soň, Ga­ret Beýl 30–35 metr uzak­lyk­dan to­py bat­ly ur­dy. Der­we­ze­çi Ka­ri­us bol­sa, ga­paý­ma­ly to­pu­ny elin­den ga­çyr­dy we ha­sap 3–1 bol­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Sa­lah­dan soň, to­par­daş­la­ry­nyň çem­çe­läp ýyg­na­ny­ny Ka­ri­us ça­nak­lap dök­di. Ne­ti­je­de, 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Re­al Mad­rid” 16-njy fi­na­lyn­da 13-nji ge­zek ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­di (1956–57–58–59–60, 1966, 1998, 2000, 2002, 2014, 2016–17–18). Yz­ly-yzy­na 3-nji sa­par ýe­ňi­ji bo­lan “Re­al Mad­rid” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1992/93 möw­sü­min­den bä­ri) mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­dy. Iň soň­ky sa­par UEFA-nyň 1-nji de­re­je­li ýa­ry­şyn­da “Ba­wa­ri­ýa” 1974–75–76-njy ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3 ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­läp­di.