1955-nji ýylda gurluşygyna başlanan bu taryhy stadion 1956-njy ýylyň 31-nji iýulynda ulanylmaga berildi. 1992-nji ýylda “Lužniki” diýlip at goýlan stadionda 2013-nji ýyla çenli 2 gezek düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. 2013–17-nji ýyllar aralygynda-da Dünýä Kubogy üçin täzeden durky täzelenen stadionda çempionatyň açylyş hem-de jemleýji duşuşyklary geçiriler. Umuman 7 oýny özünde kabul etjek bu stadionda toparçalardaky 4 duşuşyk, 2-nji tapgyryň we ýarym finalyň 1 oýny hem-de final duşuşygy oýnalar. Stadionyň soňky abatlaýyş işleri üçin resmi maglumatlara görä, 350 million ýewro harçlandy. “Lužniki” stadiony birnäçe taryhy sport çäresini başdan geçirdi. Tomusky Uniwersiada (1973), Olimpiýa oýunlary (1980), UEFA Kubogynyň finaly (1999), UEFA Çempionlar ligasynyň finaly (2008), ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionaty (2013) ýaly sport ýaryşlary olaryň käbirleri bolup, “Lužniki” 81 müň tomaşa niýetlenendir.
Russiýanyň 2-nji iri şäheri Sankt-Peterburgdaky Krestowskiý adajygynda gurlan bu owadan stadion Dünýä çempionaty döwründe 67800 tomaşaça gapylaryny giňden açar. 2007–2017-nji ýyllar aralygynda ozalky 110 müň tomaşaçyly Kirow stadionynyň ýerine ýaponiýaly binagär Kişo Kurosawanyň ýolbaşçylygynda gurlan stadiona “Zenit Arena” ýa-da “Krestowskiý” hem diýilýär. Ummasyz çykdajy edilen bu stadionda toparçalaryň 4 duşuşygy, 2-nji tapgyryň we ýarym finalyň 1, şeýle-de 3-nji ýer üçinki oýunlar geçiriler.
Russiýanyň syýahatçylyk şäherlerinden Soçidäki “Fişt Olimpiýa” stadiony çempionatyň geçirilýän döwründe 48000 tomaşaçyny kabul eder. Bu desganyň bahasy 780 million dollara golaýdyr. 2014-nji ýylda gyşky Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş we jemleýji dabaralarynyň geçirilen stadionynda 6 duşuşyk oýnalar (Toparçalaryň 4, ikinji tapgyryň 1, çärýek finalyň 1 oýny).
Russiýanyň iň gadymy klublaryndan bolan “Spartagyň” stadiony bolan “Otkritie Arena” 4 ýylda (2010–2014) gurlup ulanylmaga berildi. Bu ajaýyp desga üçin 430 million dollar möçberinde maýa goýuldy. 45360 tomaşaça niýetlenen stadionda toparçalarda 4 hem-de 2-nji tapgyryň 1 duşuşygy geçiriler. Şol oýunlaryň biri Argentina–Islandiýa, ýene biri-de Serbiýa–Braziliýa duşuşyklarydyr.
Çempionatyň geçirilýän döwründe “Ýekaterinburg Arena” diýlip atlandyryljak Ýekaterinburg şäheriniň “Sentralnyý” stadiony 1953–1957-nji ýyllar aralygynda guruldy. 2 gezek abatlaýyş işleri geçirilen desganyň durky 2014–2018-nji ýyllarda Dünýä Kubogy üçin ýörite täzelendi. “Ural” toparynyň stadiony bolan “Ýekaterinburg Arenada” toparçalardaky 4 duşuşyk geçiriler.
Toparçalardaky 4, ikinji tapgyryň hem-de çärýek finalyň hersindenem 1 duşuşygyň geçiriljek stadionlarynyň biri-de Samara şäherindäki “Samara Arenadyr”. “Kosmos Arena” hem diýilýän 44918 orunlyk stadionyň gurluşygy 4 ýylda tamamlandy (2014–2018). “Krylýa Sowetow” toparynyň stadiony bolan bu desganyň gurluşygy üçin 320 million dollarlyk maýa goýuldy.
Daşky görnüşi bilen görenleri haýrana goýýan “Mordowiýa” stadiony Mordowiýa oblastynyň Saransk şäherinde Insar derýasynyň kenarynda ýerleşýär. 44442 orunlyk stadion 2010–2018-nji ýyllar aralygynda umumy bahasy 300 million dollara barabar çykdajy edilip guruldy. “Mordowiýa” klubunyň stadiony bolan bu desgada toparçalardaky 4 duşuşyk oýnalar.
Tatarystanyň merkezi Kazan şäheriniň adybir stadiony 45000 tomaşaça niýetlenendir. Toparçalardaky 4 duşuşykda şäheriň ýaşaýjylary fransuz, nemes hem-de ispan ýyldyzlarynyň oýunlaryna tomaşa ederler. 2-nji tapgyryň hem-de çärýek finalyň-da 1 duşuşygynyň geçiriljek stadiony 2010–2013-nji ýyllar aralygynda guruldy. 450 million dollar töweregi çykdajy edilen stadionda “Rubin” topary öz duşuşyklaryny geçirýär.
Üç ýylda gurlup, ulanylmaga berlen “Wolgograd” stadiony şäheriň adyny göterip, ol Wolgo derýasynyň kenarynda ýerleşýär. 45 müňden gowrak tomaşaça niýetlenen bu stadion ozalky Merkezi stadionyň ýerine guruldy. Çempionatdan soň, “Rotor” toparyna beriljek bu stadionda Dünýä Kubogynyň toparçalaryndaky 4 oýun oýnalar.
Ýörite çempionat üçin gurlan stadionlaryň ýene-de biri Nižniý-Nowgorod şäheriniň adyny göterýän arenadyr. 45 müň janköýeri sygdyryp bilýän stadionyň gurluşygy 3 ýyl dowam etdi. Iki derýanyň kesişýän ýerinde ýerleşýän stadionda 6 duşuşyk oýnalar. Olaryň 4-si toparçadaky oýunlar bolup, olaryň arasynda Messili Argentina bilen Horwatiýanyň duşuşygy aýratyn ünsi çekýär. Şeýle-de stadionda 2-nji tapgyryň hem-de çärýek finalyň-da 1 oýny geçiriler.
Kaliningrad oblastynyň çäklerinde ýerleşýän Oktýabrskiý adasyndaky bu stadion çempionatyň iň täze stadionydyr. 12 stadionyň arasynda iň az tomaşaçylysy (35212 orunlyk) bolan bu desga 2016–2018-nji ýyllarda 257 million ýewro çykdajy edilip guruldy. Çempionatdan soň, tomaşaçy sygymlylygy 25 müňe düşüriljek stadionda toparçalardaky 4 duşuşyk oýnalar.
Çempionatdan soň, “Rostow” toparyna beriljek “Rostow Arena” stadiony 45 müň orunlykdyr. 2014–2018-nji ýyllar aralygynda gurlan bu özboluşly stadionda toparçalardaky 4 duşuşygyň iň esasysy Braziliýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky oýun bolar. Don derýasynyň kenarynda ýerleşýän owadan stadionda 2-nji tapgyryňam 1 duşuşygy oýnalar.