Dünýä çempionatynyň rekordlary

* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp ýa­ry­şa gat­na­şan tä­lim­çi bra­zi­li­ýa­ly Kar­los Al­ber­to Par­rei­ra­dyr. Tej­ri­be­li tä­lim­çi 1982-nji, 1990-njy, 1994-nji, 1998-nji, 2006-njy hem-de 2010-njy ýyl­lar­da­ky çem­pio­nat­la­ra gat­naş­dy.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­na dür­li ýy­gyn­dy­lar bi­len iň köp gat­na­şan tä­lim­çi­ler ser­bi­ýa­ly Bo­ra Mi­lu­ti­no­wiç hem-de bra­zi­li­ýa­ly Kar­los Al­ber­to Par­rei­ro­dyr. Ola­ryň iki­si-de 5 ýy­gyn­dy bi­len Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­di. Mi­lu­ti­no­wiç Mek­si­ka­nyň (1986), Kos­ta Ri­ka­nyň (1990), ABŞ-nyň (1994), Ni­ge­ri­ýa­nyň (1998) hem-de Hy­ta­ýyň (2002) ýy­gyn­dy­la­ry­na, Par­rei­ro bol­sa, Ku­weý­tiň (1982), BAE-niň (1990), Bra­zi­li­ýa­nyň (1994, 2006), Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň (1998) hem-de Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň (2010) mil­li to­par­la­ry­na tä­lim be­rip­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk­da tä­lim­çi bo­lan Hel­mut Şön (Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa) bo­lup, ol 1966–1978-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 25 du­şu­şyk­da to­pa­ry­na ýol­baş­çy­lyk et­di.
* Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da tä­lim­çi hök­mün­de iň köp du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan hem Hel­mut Şön bo­lup, onuň tä­lim­çi­li­gin­de Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa 16 oýun­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan tä­lim­çi ita­li­ýa­ly Wit­to­rio Poz­zo­dyr. Ol 1934–1938-nji ýyl­lar­da Ita­li­ýa­ny yz­ly-yzy­na 2 ge­zek çem­pi­on edip­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp kar­toç­ka alan fut­bol­çy­lar — fran­si­ýa­ly Zi­ne­din Zi­dan (4 sa­ry, 2 gy­zyl) bi­len bra­zi­li­ýa­ly Kar­los Ka­fu­dyr (6 sa­ry). Ola­ryň iki­si-de 6 kar­toç­ka al­dy.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp gy­zyl kar­toç­ka alan fut­bol­çy­lar — ka­me­run­ly Ri­go­bert Song bi­len fran­si­ýa­ly Zi­ne­din Zi­dan­dyr. Iki­si-de 2 ge­zek gy­zyl kar­toç­ka al­dy.

“Gran T­uruň” ýe­ňi­ji­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­dy

101-nji ge­zek ge­çi­ri­len “Gi­ro d’Ita­lia” we­los­port ýa­ry­şyn­da “Te­am Sky” to­pa­ry­nyň Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly tür­ge­ni Kris Frum ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 21 tap­gyr­dan yba­rat we 21 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da 3573 ki­lo­metr ara­ly­gy 89 sa­gat 02 mi­nut 39 se­kunt­da ge­çip, “Gi­ro d’Ita­lia”-da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. 18 to­par­dan 150-ä go­laý tür­ge­niň gat­na­şan ýa­ry­şyn­da 2-nji or­ny “Te­am Sun­web” to­pa­ry­nyň gol­lan­di­ýa­ly tür­ge­ni Tom Du­mo­lin eýe­le­di. Ol Frum­dan 46 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­kez­di. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 4 mi­nut 57 se­kunt yza ga­lan “As­ta­na” to­pa­ry­nyň ko­lum­bi­ýa­ly tür­ge­ni Mi­gel An­hel Lo­pes 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.
Il­kin­ji 5 tap­gyr­dan soň, Ro­han Den­nis, soň­ra 19-njy tap­gy­ra çen­li-de je­mi 13 tap­gyr­ bo­ýun­ça Saý­mon Ýeý­tes umu­my sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi sak­la­dy. Ne­ti­je­de, 19-njy tap­gyr­dan soň, Kris Frum umu­my sa­naw­da bi­rin­ji or­na geç­di Ol di­ňe 2 tap­gyr­da ýe­ňi­ji bol­dy. Frum bu ýyl­ky dag­lyk ýol­lar tap­gy­ry­nyň-da ýe­ňi­ji­si bo­lup, “Gi­ro d’Ita­lia” -da utuk top­la­mak­da Elia Wi­wia­ni, ýaş we­lo­si­ped­çi­le­riň ara­syn­da-da Mi­gel An­hel Lo­pes ýe­ňiş ga­zan­dy.
Şun­luk­da, 33 ýaş­ly Frum “Gran T­ur” (“Gi­ro d’Ita­lia”, “To­ur de France”, “Vuel­ta Es­pa­na”) we­los­port ýa­ryş­la­ry­nyň 3-sin­de hem ýe­ňi­ji bo­lan 7-nji we­lo­si­ped­çi di­ýen ady eýe­le­di. Ge­çen ýyl beý­le­ki 2-sin­de ýe­ňiş ga­za­nan Frum 3 uly ýa­ryş­da yz­ly-yzy­na çem­pi­on bo­lan 3-nji we­lo­si­ped­çi­dir. Frum iň ab­raý­ly we­lo­si­ped bäs­le­şi­gi bo­lan “To­ur de France” ýa­ry­şyn­da 4 (2013, 2015, 2016, 2017), “Vuel­ta Es­pa­na”-da hem 1 (2017) ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.

Jeým­siň 51 utu­gy ýeň­şe ýe­ter­lik bol­ma­dy

NBA-da fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gy oý­nal­dy. Ge­çen ýyl­ky fi­nal­çy­lar – çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riors” bi­len wi­se-çem­pi­on “Kliw­lend Ka­wa­li­er­siň” ara­syn­da­ky 1-nji oýun­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň esa­sy wag­ty 107–107 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da-da “Gol­den Steýt” 17–7 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ne­ti­je­de, “Kliw­len­diň” su­per ýyl­dy­zy LeB­ron Jeým­siň 51 utuk, 8 ri­baund, 8 asist­lik gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, “Gol­den Steýt” 124–114 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, fi­nal oýun­la­ry­na ýe­ňiş bi­len baş­la­dy. 2-nji du­şu­şyk 4-nji iýun­da ir­den oý­na­lar. 3–4-nji oýun­lar 7-nji we 9-njy iýun­da “Kliw­len­diň” meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ri­ler. Ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da-da ýe­ne-de 3 du­şu­şyk 12-nji, 15-nji hem-de 18-nji iýun­da oý­na­lar.
“Gol­den Steýt” ýa­rym fi­nal­da “Hýus­ton Ro­kets” to­pa­ry­ny 7 oýun­da 4–3 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. Edil şo­nuň ýa­ly-da “Kliw­lend” hem “Bos­ton Sel­tiks­den” soň­ky 2 du­şu­şyk­da has er­jel oýun gör­ke­zip, 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Çem­pi­on­lyk­dan 5 gün soň

“Re­al Mad­ri­diň” yz­ly-yzy­na 3-nji, umu­my­lyk­da-da 13-nji ge­zek UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gyn­dan 5 gün ge­çen­soň, to­pa­ryň tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­dan met­bu­gat ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çi­rip, meý­le­tin we­zi­pe­sin­den gid­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Fran­si­ýa­ly tä­lim­çi: – Ma­ňa gol­daw be­ren hem­me­le­re, aý­ra­ty­nam ta­rap­dar­la­ra, to­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na, esa­sa­n hem fut­bol­çy­la­ra uly min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin. Git­me­giň wag­ty gel­di­mi­kä diý­ýä­rin. El­bet­de, öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da ýe­ne-de do­la­nyp bi­le­rin – diý­di. 2016-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Ra­fa­el Be­ni­te­siň or­nu­na we­zi­pä bel­le­nen 45 ýa­şyn­da­ky Zi­dan mad­rid­li­ler bi­len “La Li­ga­da” 1, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 3 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny 1, FI­FA Klub­lar ara­sy Dün­ýä ku­bo­gy­ny 2, UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny-da 2 sa­par eýe­le­di.
Köp­ler üçin ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka bo­lan ha­bar­dan soň, şa klu­by tä­ze tä­lim­çi­niň göz­le­gi­ne çyk­dy. To­pa­ryň tä­ze tä­lim­çi­si hök­mün­de Mau­ri­sio Po­çet­ti­no (“Tot­ten­hem”) bi­len Mas­si­mi­lia­no Al­leg­ri­niň (“Ýu­wen­tus”) at­la­ry ag­zal­ýar.

Mo­na­ko­da Rik­ki­ar­do ýe­ňi­ji bol­dy

For­mu­la 1 ýa­ryş­la­ry­nyň iň ab­raý­ly bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýan Mo­na­ko “Gran Pri­sin­de” “Red Bull” to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Da­ni­el Rik­ki­ar­do ýe­ňiş ga­zan­dy. Mon­te Kar­lo şä­he­ri­niň da­ra­jyk kö­çe­le­rin­de ge­çi­ri­len bu ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan Rik­ki­ar­do 78 aý­la­wy 1 sa­gat 42 mi­nut 54,807 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, umu­my F1 kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 7-nji ýeňşidir. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den ger­ma­ni­ýa­ly Se­bas­ti­an Wet­tel (“Fer­ra­ri”) 2-nji, umu­my sa­naw­da 1-nji ha­tar­da bar­ýan bri­ta­ni­ýa­ly Le­wis Ha­mil­ton (“Mercedes”) 3-nji or­ny eýe­le­di. Möw­sü­miň in­di­ki bäs­le­şi­gi 10-njy iýun­da Ka­na­da­da ge­çi­ri­ler.