Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edi­len tä­ze ki­taby türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­ny goşalandyrdy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­la­myn­dan çy­kan eser­le­riň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýan ki­ta­by­na öw­rü­lip, di­ňe bir ýur­du­my­zyň oky­jy­la­ry­nyň däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem giň yk­rar­na­ma eýe bo­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len şol ki­tap­lar beý­le­ki döw­let­le­riň halk­la­ry üçin türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry hem-de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ady­nyň çuň­ňur ma­ny­sy bar, çün­ki on­da her bir yn­san üçin enä­niň mu­kad­des­li­gi Wa­tan, öý-ojak, maş­ga­la, ene-ata bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň esas­la­ry ýa­ly mi­ze­mez gym­mat­lyk­lar be­ýan edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu aja­ýyp işin­de türk­men­le­riň enä mu­kad­des­lik hök­mün­de sar­pa goý­mak ýa­ly mil­li öz­bo­luş­ly hä­si­ýe­tin­de asyr­lar­dan bä­ri ke­ma­la ge­len asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň tä­ze eý­ýam­da do­wa­ma­ta eýe bol­ýan­dy­gy tas­syk­lan­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz ese­ri­niň sa­hy­pa­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ru­hy-ah­lak we maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gyň aý­dyň nus­ga­sy bo­lup dur­ýan mäh­ri­ban kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň dur­muş ýo­ly ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tä­ze ki­ta­by eziz ene­le­ri­mi­ze hor­mat goý­ma­gyň we ola­ry sar­pa­la­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr.
Hem­me dö­wür­ler­de türk­men ze­nan­la­ry maş­ga­la oja­gy­na, ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­me­giň esa­syn­da goý­lan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ün­dew­le­ri­ne we däp-des­sur­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup­dy­lar we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar­lar.
“Söz­den baş­lan­ýan ägirt­lik”, “Öý-oja­gyň gel­şi­gi”, “Ene – ulus-iliň ene­si, çäk­siz hor­mat eýe­si”, “Ene – döw­let­li­lik” ýa­ly dört bö­lüm­den yba­rat bu ki­tap­da ene­le­re ba­gyş­la­nyp, asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­rän ro­wa­ýat­lar hem ge­ti­ril­ýär.
Baş sa­ha­byn­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň mäh­ri­ban kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň su­ra­ty ýer­leş­di­ri­len tä­ze eser ýo­ka­ry çap­ha­na usu­lyn­da ne­şir edi­lip­dir. Milli Liderimiziň “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­taby Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan çap edi­lip, aja­ýyp de­re­je­de be­ýan edil­ýän maz­mu­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýän owa­dan su­rat­lar bi­len baý­laş­dy­ry­lyp­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öz elin­den tä­ze ki­ta­by­ny il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da al­mak bag­ty mi­ýes­ser eden mil­li Li­de­ri­mi­ziň egin­deş­le­ri hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we do­wam et­mek bo­ýun­ça ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Şeý­le hem ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk ru­hun­da hem-de be­lent ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryň esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­de bu aja­ýyp ki­ta­byň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy tä­ze ese­ri­niň çap­dan çyk­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar.