6-njy iýun­da Türk­me­nis­tan­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 25-nji maý­da ge­çi­ri­len mej­li­si­niň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz daý­han­la­ra tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw edip, mö­hüm oba ho­ja­lyk çä­re­si­ne ak pa­ta ber­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry bu mö­hüm çä­rä gi­riş­di­ler, 13-nji iýun­da bol­sa, ola­ra Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry hem go­şu­lar. Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan Wa­ta­ny­my­za hem-de tu­tuş türk­men hal­ky­na aba­dançy­lyk we ro­waç­lyk di­leg edip, gal­la ora­gy­na ak pa­ta ber­di­ler.
Ak­sak­gal­ gojalar “Çä­ji­ňe be­re­ket!” di­ýen söz­ler bi­len il­kin­ji bug­daý sün­bül­le­ri­ni orup, öz­bo­luş­ly ny­şa­ny aň­lad­ýan bug­daý des­se­le­ri­ni kom­baýn­çy­la­ra ber­di­ler.
Şu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry­nyň öňün­de güýz­lük bug­daý eki­len 760 müň gek­tar­dan 1 mil­li­on 600 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 450 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 380 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 350 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 120 müň ton­na bug­daý ýyg­na­mak we­zi­pe­si dur­ýar. Eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň esa­sy bö­le­gi­ne “Säh­ra­ýy”, “Ju­wan”, “Bi­ta­rap”, “Ýo­lö­ten-1”, “Ýo­lö­ten-3”, “Türk­men­ba­şy-1”, “Gy­zyl şag­la­wuk-25”, “Mi­ras”, “Ak­baş”, “Iriş­ka”, “Ýu­bi­leý­na­ýa-100”, “Bat­ko”, “Kru­pin­ka” ýa­ly bug­da­ýyň bol ha­sylly gör­nüş­le­ri ekil­di.
Ýur­du­myz­da, tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, 2018-nji ýy­lyň gal­la ora­gy möw­sü­min­de “Сase”, “New Hol­land”, “John Dee­re”, “СLA­AS” ky­sym­ly dä­ne oru­jy kom­baýn­la­ryň 1 müň 700-si iş­le­di­ler. Oba hojalyk teh­ni­kalary eke­ran­çy­la­ry­my­za bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rýär.
Gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me abat­laý­jy-teh­ni­ki to­par­la­ryň 519-sy gal­la­çy­la­ra hyz­mat edip, ola­ry äh­li ze­rur­lyk­lar – ýan­gyç, ýan­gyç-çal­gy se­riş­de­le­ri, teh­ni­ka­lar üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bi­len üp­jün edýär­ler. Möw­sü­me gat­naş­ýan me­ha­niza­tor­lar, sü­rü­ji­ler we beý­le­ki iş­gär­ler üçin meý­dan dü­şel­ge­le­rin­de ze­rur dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di, şol ýer­ler­de me­de­niýet iş­gär­le­ri­niň çy­kyş­la­ry gu­ra­lýar, göç­me söw­da dü­kan­la­ry he­re­ket edýär.
Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne, beý­le­ki mi­nistr­lik­le­re we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na de­giş­li ýük aw­tou­lag-la­ry­nyň 10 mü­ňü­si ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 162-si­ne, şeý­le hem am­mar­la­ra we ele­wa­tor­la­ra bug­da­ýyň da­şal­ma­gy­ny üpjün edýär. Bug­daý ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy­na çen­li taý­ýar edi­len bar­lag­ha­na­lar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” Baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri tab­şy­ryl­ýan bug­da­ýyň hi­li­ni kes­git­leýär­ler. Tab­şy­ry­lan ha­syl üçin gal­la­çy­lar bi­len ha­sap­la­şyk işi­ni ge­çir­mek “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ýer­li bö­lüm­le­ri­niň üs­ti bi­len öz wag­tyn­da ama­la aşy­ry­lýar.

Annamyrat GARÝAGDYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.