Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­si­niň baş­lyk­ly­gy­na ze­nan dip­lo­mat saý­lan­dy. Ol soň­ky 73 ýy­lyň do­wa­myn­da bu ab­raý­ly we­zi­pä saý­la­nan 4-nji ze­nan bol­dy. Ek­wa­do­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Es­pi­no­sa Gar­ses şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da baş­lan­jak BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­si­ne baş­lyk­lyk eder.

Tä­ze baş­lyk 73-nji mej­li­siň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ta­gal­la et­jek­di­gi­ni bel­läp, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň gu­ra­ma­ny düýp­gö­ter öz­gert­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan öz­gert­me­le­ri­ne gol­daw ber­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 73-nji mej­li­si­niň baş­lyk­ly­gy­na 2 da­laş­gär hö­dür­len­di. Olar – Ek­wa­do­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ma­ri­ýa Fer­nan­da Es­pi­no­sa Gar­ses we Gon­du­ra­syň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Ma­ri Eli­za­bet Flo­res Fleýk. Ses ber­mek çä­re­sin­de ek­wa­dor­ly Gar­ses üs­tün çyk­dy. Oňa gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň 128-si öz se­si­ni ber­di. Gon­du­ra­syň we­ki­li 62 ýur­duň se­si­ni al­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş Es­pi­no­sa Gar­se­si baş­lyk­ly­ga saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, soň­ky ge­zek Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ze­nan dip­lo­ma­tyň 10 ýyl mun­dan ozal saý­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di. Şon­da bu we­zi­pä Bah­reýn­den Haý­ýa Ra­şed Al Ha­li­fa saý­la­nyp­dy.
Şeý­le-de on­dan ozal hem Baş As­samb­le­ýa­nyň ta­ry­hyn­da ýe­ne-de 2 ze­nan dip­lo­mat baş­lyk­lyk edip­di: Li­be­ri­ýa­dan An­ži Eli­za­bet Bruks-Ren­dolf (1969-1970 ý) we Hin­dis­tan­dan Lakş­mi Pan­dit (1953-1954 ý).
Baş As­samb­le­ýa ýe­ke-täk kö­pu­gur­ly or­gan bo­lup, pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, ösüş, ga­ryp­ly­gy we ýo­kanç ke­sel­le­ri ýok et­mek, adam hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­da uly jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär. 1946-njy ýy­lyň baş­la­ryn­da Baş As­samb­le­ýa­nyň dü­zü­min­de 51 ýurt bo­lan bol­sa, hä­zir ola­ryň sa­ny 193-e ýetdi. Baş As­samb­le­ýa­nyň 73-nji mej­li­si şu ýy­lyň 18-nji sent­ýab­ryn­da açyl­ar. Düz­gün­le­re gö­rä, Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy we onuň orun­ba­sar­la­ry mej­li­siň baş­lan­ma­gy­na 3 aý ga­lan­da saý­lan­ýar.