Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar.
2007-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Nýu Ýorka bolan sapary türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň taryhyndaky möhüm tapgyra öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde çykyş etdi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara bileleşik bilen gatnaşyklarynyň çäklerindäki nukdaýnazardan täze derejä çykmagyny şertlendirdi. Saparyň dowamynda milli Liderimiziň geçiren gepleşikleri ýurdumyzyň ABŞ bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerini açdy.
Amerikanyň işewür toparlary barada aýdylanda bolsa, olar Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Rokfeller merkezinde geçirilen duşuşykda öňe süren başlangyjy boýunça Türkmen-amerikan işewür geňeşi döredildi.
Ştab-kwartirasy Waşingtonda ýerleşýän geňeşiň baş wezipesi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy. Milli Liderimiziň Nýu Ýorkda öňe süren başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işlere badalga berildi. Amerikanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen onlarça iri kompaniýalary Türkmenistanyň Hökümeti we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Şondan bäri bu geňeşiň duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.
Şeýlelikde, Türkmen-amerikan işewür geňeşi döredileni bäri geçen 10 ýylyň içinde özüniň netijeliligini subut etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ony döretmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda we öňdengörüjilik bilen öňe sürlendigini hem aňladýar. 2018-nji ýylyň 1-nji maýyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2 milliard 573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro barabar bolan taslamalaryň 156-sy bellige alyndy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň mundan beýläkki işi diňe bir iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has giň yklymara ölçeglerde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde saldamly goşant bolup hyzmat eder.