Fransiýada mekdeplerde başlangyç hem-de orta synplarda okaýan okuwçylaryň ykjam telefondan peýdalanmagyna rugsat berilmeýär. Bu baradaky kanunyň taslamasy ýurduň milli mejlisiniň deputatlary tarapyndan tassyklandy. Deputatlar ýurdy dolandyrýan “Respublika öňe!” partiýasynyň deputaty Kati Rakon-Bouzon tarapyndan taýýarlanan kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisde geçirilen ses berlişik arkaly başlangyç mekdeplerde we kollejlerde ykjam telefon ulanmaga gadaganlyk girizildi. Täze kanuna görä, täze okuw ýylyndan başlap, bu düzgün güýje girer.
Fransiýanyň bilim ministri Žan-Mişel Blanke bu barada eden çykyşynda mekdeplerde okuwçylaryň derslerine has köp üns bermekleri üçin şeýle düzgüni ýola goýmagy maksadalaýyk hasap edendiklerini mälim etdi.
Bu düzgün ýokary synpyň okuwçylaryna degişli bolman, 15 ýaşdan kiçi bolan okuwçylara mekdebe telefonly gelmek gadagan edildi. Telefony bar bolsa, ony sumkasyndan çykarmaly däldir.
Kamila TOHTAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.