Sidneý uniwersitetiniň (Awstraliýa) alymlary çalt ýöremegiň adaty gezelenç etmäge garanyňda, adam ömrüniň uzamagyna köp goşant goşýandygyny mälim etdiler. Bu ylmy-barlag makalasy “British Journal of Sports Medicine” žurnalynda çap edildi.
Hünärmenler 1994-2008-nji ýyllar aralygynda Angliýada we Şotlandiýada 50 müň 225 adamyň gatnaşmagynda bu ugurda ylmy-barlag geçirdiler. Gatnaşyjylar gezelenç mahaly haýsy depginde – ýuwaş, ortaça ýa-da çalt ýöremek üçin öz meýillerini mälim etdiler. Alymlar gatnaşyjylaryň ýaşyny, jynsyny, umumy fiziki işjeňligini we agramyny göz öňünde tutup, bu barlagy alyp bardylar.
Ýöremegiň ortaça depgininiň haýal ýöremekden has peýdalydygy mälim edildi we adam saglygyna zyýan berýän dürli howplaryň 20 göterim azalmagyna mümkinçilik berýändigi anyklandy. Çalt ýöremegiň bu ugurdaky görkezijisi bolsa, 24 göterime deň boldy.
Aýgül POTÇYKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.