Fut­bo­lyň iň uly çä­re­si 88 ýyl bä­ri her 4 ýyl­dan 1 ge­zek ge­çi­ril­ýän Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şy­dyr. Is­len­dik fut­bol­çy­nyň-da iň esa­sy mak­sa­dy bu fut­bol baý­ram­çy­ly­gyn­da çy­kyş et­mek. Ýö­ne gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň we ola­ra saý­lan­ýan oýun­çy­la­ryň sa­ny­nyň çäk­li bol­ma­gy bi­len hem­me fut­bol­ça Dün­ýä Ku­bo­gyn­da oý­na­mak mi­ýes­ser et­me­ýär. Ta­ryh­da on­lar­ça dün­ýä ýyl­dy­zy dür­li se­bäp­den Dün­ýä Ku­bo­gyn­da bir­je mi­nut hem oý­na­man kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­la­dy­lar. Şi­kes­ler, ýy­gyn­dy to­pa­ryň şow­suz­ly­gy a-da tä­lim­çi­le­riň tak­ti­ki ýag­da­ýy ba­ha­na­lap, kä­bir oýun­çy­la­ry dü­zü­me ça­gy­ryl­maz­ly­gy ýa­ly se­bäp­le­rden on­lar­ça ýyl­dyz fut­bo­lyň iň uly baý­ram­çy­ly­gy­nyň da­şyn­da gal­dy. Ine, her çem­pio­nat­da bol­şy ýa­ly, bu Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň du­şu­şyk­la­ry­na-da öýün­de to­ma­şa et­jek ýyl­dyz­la­ryň sa­ny az däl. Ola­ryň ha­ta­ryn­da çem­pio­na­ta ýol­lan­ma ga­za­nyp bil­me­dik ýy­gyn­dy­la­ryň oýun­çy­la­ry, şi­kes alan­lar hem-de tä­lim­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan saý­lan­ma­dyk ýyl­dyz­lar bar.
Il­ki bi­len, ýol­lan­ma alyp bil­me­dik to­par­la­ryň ýyl­dyz­la­ry­na se­re­de­ni­miz­de, ba­da-bat 60 ýyldan soň Dün­ýa Ku­bo­gy­nyň fi­nal tap­gy­ry­nyň da­şyn­da ga­lan 4 ge­zek çem­pi­on bolan Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len 3 kü­müş me­da­lyň eýe­si Gol­lan­di­ýa ýa­dy­ňa düş­ýär. 1970-nji ýyl­dan bä­ri Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da her 12 ýyl­dan fi­na­la çyk­ýan ital­ýan­lar bu ge­zek şol ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip bil­me­se­ler ge­rek. Go­rag fut­bo­ly­nyň ägir­di ital­ýan­lar­dan Bo­nuç­çi, Ki­el­li­ni, Buf­fon, Wer­rat­ti, Im­mo­bi­le, Bo­na­wen­tu­ra, Kand­re­wa, Don­na­rum­ma ýa­ly oýun­çy­lar çem­pio­na­ta öý­le­rin­de to­ma­şa et­me­li bo­lar­lar. Ola­ryň ha­ta­ry­na owa­dan oýun­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan, em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, ku­bok ga­zan­mak bag­ty mi­ýes­ser et­me­dik we soň­ky çem­pio­nat­da bü­rünç me­dal ga­za­nan gol­land­la­ryň Blind, Wan Diýk, Wiý­nal­dum, Stroot­man, De­paý, Ba­bel, Pro­mes ýa­ly fut­bol­çy­la­ry­ny-da goş­mak bo­lar.
Bu­lar­dan baş­ga-da bas­syr 4 çem­pio­na­ty goý­be­ren Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­syn­dan Ar­da Tu­ran, Bu­rak Ýyl­maz, Ha­kan Çal­ha­nog­lu, Jenk To­sun, Jen­giz Ün­der, Uels­den Ga­ret Beýl, Aa­ron Rem­zi, Awst­ri­ýa­dan Da­wid Ala­ba, Mar­sel Sa­bit­zer, Mar­ko Ar­na­to­wiç, Bos­ni­ýa­dan Edin Je­ko, Uk­rai­na­dan And­reý Ýar­mo­len­ko, Ýew­ge­niý Ko­nopl­ýan­ka, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň soň­ky 2 ge­zek­ki çem­pio­ny Çi­li­den Alek­sis San­çes, Ar­tu­ro Wi­dal, Klau­dio Bra­wo, Eduar­do War­gas, ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­syn­dan Kris­ti­an Pu­li­şiç, Maýk Bred­li, Žou­zi Al­ti­dor, Af­ri­ka­nyň çem­pio­ny Ka­me­run­dan Wen­sen Abu­ba­kar, Çu­po-Mo­ting, Ga­na­dan E. Boa­teng, J. Aýew, A. Gýan, Kot-d’Iwuar­dan Dum­bia, Bo­ni, Žer­wi­nio, Kes­si, Ý. Tu­re, Bai­li, Al­žir­den Bra­hi­mi, Mah­rez, Ben­ta­leb, Sli­ma­ni, Gu­lam, Fe­gu­li, Ga­bon­dan Pi­er-Eme­rik Oba­me­ýang ýa­ly oýun­çy­lar öňü­miz­dä­ki 1 aýy dynç alyş­da ge­çi­rer­ler.
Şi­ke­si se­bäp­li Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şyp bil­me­ýän­ler ba­ra­da hem bel­läp geç­sek, ol he­mi­şe-de fut­bol­da bar bo­lan zat­la­ryň bi­ri­dir. Tas­da­nam bra­zi­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz Neý­mar, mü­sür­li Mo­ha­med Sa­lah, ger­ma­ni­ýa­ly Ma­nu­el No­ýer hem­mä­niň ga­raş­ýan ýa­ry­şy­nyň da­şyn­da ga­lyp bi­ler­di. Rus­si­ýa­ly Alek­sandr Ko­ko­rin, Ge­or­gi Dži­ki­ýa, bra­zi­li­ýa­ly Da­ni Al­wes, ang­li­ýa­ly Oks­leýd Çem­ber­leýn, ger­ma­ni­ýa­ly Lars Ştindl, por­tu­ga­li­ýa­ly Fa­bio Koent­rao, ar­gen­ti­na­ly der­we­ze­çi Ser­hio Ro­me­ro, fran­si­ýa­ly Lo­ren Ko­s­el­ni bi­len Dmit­ri Pa­ýet, urug­waý­ly Abel Her­nan­des bi­len Die­go Ro­lan, da­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Nik­las Bendt­ner ýa­ly ta­nal­ýan oýun­çy­lar bi­len bir ha­tar­da, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dyr Ýa­po­ni­ýa­nyň, Tu­ni­siň, Eý­ra­nyň esa­sy dü­zü­min­den kä­bir oýun­çy­lar şi­kes­den ejir çe­ken­le­riň ha­ta­ryn­da.
Soň­ku­sy we iň esa­sy­sy tä­lim­çi­ler ta­ra­pyn­dan saý­lan­ma­dyk ýyl­dyz­lar o di­ýen az hem däl. Sa­na­wyň 23 oýun­çy­dan yba­rat bol­ma­gy, azyn­dan 2–3 ýy­gyn­dy dü­züp bol­jak to­par­lar üçin me­se­le ha­sam çyl­şy­rym­laş­ýar. My­sal üçin, Di­die De­şa­myň sa­na­wa al­ma­dyk oýun­çy­la­ryn­da­nam güýç­li ýy­gyn­dy dö­re­dip bo­lar. Fran­si­ýa­ly tä­lim­çi Alek­sandr La­ka­zett, An­to­ni Mar­si­al, Ben Ýed­der, Kings­li Ko­man, öz is­le­gi bo­ýun­ça Ad­ri­an Ra­bio, Laý­win Kur­za­wa, Ma­ma­du Sak­ho, ozal­dan bä­ri-de ýy­gyn­da al­ma­ýan oýun­çy­sy Ka­rim Ben­ze­ma da­gy­ny Rus­si­ýa alyp gaýt­ma­dy. Soň­ky çem­pio­n Ger­ma­ni­ýa-da tä­lim­çi Lö­wüň “Man­çes­ter Si­ti­niň” ýaş ýyl­dy­zy Le­roý Sa­ne­ni soň­ky pur­sat­da dü­züm­den aýyr­ma­gy hem­mä­ni geň gal­dyr­dy. Onuň or­nu­na bu möw­süm­de yzy­gi­der­li çy­kyş edip bil­me­dik Ju­li­en Draks­ler bi­len Mar­ko Roý­sy to­par­da alyp gal­dy. Şeý­le-de Löw 2014-nji ýyl­da­ky fi­nal­da ýe­ňiş ge­ti­ren go­luň aw­to­ry Ma­rio Gýot­se­ni, şi­kes­den ýa­ňy sap­la­nan Em­re Ja­ny, soň­ky wagt­lar­da diý­seň ba­şar­nyk­ly oýun gör­ke­zen Sand­ro Wag­ne­ri, go­rag­çy Şkod­ran Mus­ta­fi­ni dü­zü­me ça­gyr­ma­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da ça­gy­ryl­ma­dyk ýyl­dyz­la­ryň sa­ny az däl. Lo­pe­te­gi “Çel­si­de” şow­ly oýun gör­ke­zen Mar­kos Alon­so­ny, hü­jüm­çi Al­wa­ro Mo­ra­ta bi­len Ped­ro­ny hem-de Fab­re­ga­sy ýy­gyn­da al­ma­dy.
Ar­gen­ti­na­da “Se­rie A-nyň” iň ne­ti­je­li 2 oýun­çy­sy­nyň bi­ri bo­lan Mau­ro Ikar­di­niň ga­za­nan bu üs­tün­li­gi oňa ýy­gyn­da gir­mek üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. On­dan baş­ga-da An­hel Kor­rea, Die­go Pe­rot­ti, En­zo Pe­res, Ha­wi­er Pas­to­re, Fu­nes Mo­ri ýa­ly oýun­çy­la­r to­pa­ra ça­gy­ryl­ma­dy. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gä­ri Bra­zi­li­ýa­nyň tä­lim­çi­si Ti­te hem kä­bir ýyl­dyz­la­ry­ny ýa­ny bi­len alyp gaýt­ma­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da aý­ra­ty­nam Da­wid Lu­izi bel­le­sek, Ju­lia­no, Ta­liş­ka, Tar­del­li, Aleks Sand­ro, Fa­bi­nio da­gy hem bar. Bel­gi­ýa­da tä­lim­çi Mar­ti­nes esa­sy ýa­rym­go­rag­çy­la­ryn­dan Raj­ja Naing­go­la­ny dü­zü­me al­ma­dy. Olam mil­li to­par­da­ky kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Tälimçi Mar­ti­nes baş­ga-da Si­man, Ben­te­ke, De­fur, Mi­ral­las, Ori­ji ýa­ly ta­nal­ýan oýun­çy­la­ry hem dü­zü­me goş­ma­dy. Ang­li­ýa-da Sa­ut­geý­tiň al­ma­dyk oýun­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Lal­la­na, Star­rij, Wil­şer, Smol­ling, Jou Hart, Bert­rand, Klaýn da­gy bar. Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da tä­lim­çi San­toş 2 ýyl öň­ ga­za­ny­lan yklymyň çem­pi­on­ly­gy­na öz­le­ri­niň uly go­şan­dy­ny go­şan oýun­çy­lar­dan Nel­son Se­me­do, Eli­seu, Eder, Na­ni, And­re Go­meş, Re­na­to San­çes da­gy­ny bu sa­par ça­gyr­ma­dy. Se­bä­bi ola­ryň kö­pü­si çy­kyş ed­ýän klub­la­ryn­da yzy­gi­der­li meý­dan­ça çyk­man­dy. Öňki ýyllarda-da şeý­le wa­ka­lara duş gelnipdi. My­sal üçin, is­pa­ni­ýa­ly mer­hum tä­lim­çi Lu­is Ara­go­nes 2008-nji ýyl­da ýyl­dyz hü­jüm­çi Ra­ul Gon­za­le­si dü­zü­me ça­gyr­man­dy. Soň­lu­gy bi­len Ara­go­nes Is­pa­ni­ýa­ny yk­ly­myň çem­pio­ny et­me­gi ba­şa­ryp­dy. Ger­ma­ni­ýa­ly Löw hem mun­dan 4 ýyl öň­ki çem­pio­na­ta Mar­ko Roý­sy ça­gyr­man­dy. Ne­ti­je­de, ku­bo­gy as­ma­na gö­te­ren Ger­ma­ni­ýa bo­lup­dy. Şol bir­wag­tyň özün­de ça­gy­ryl­ma­dyk ýyl­dyz­lar se­bäp­li şow­suz­ly­ga uç­ra­lan ha­lat­la­r-da az däl. Jo­wan­ni Tra­pat­to­ni jan­kö­ýer­le­riň ul­la­kan ha­ýy­şy­na ga­ra­maz­dan, su­per ýyl­dyz Ro­ber­to Baj­jo­ny Ko­re­ýa we Ýa­po­ni­ýa­da­ky çem­pio­na­ta alyp git­män­di. Şol ýaryşda Ita­li­ýa 2-nji tap­gyr­dan soň, öýü­ne do­la­nyp­dy.