Rus­si­ýa 2018-de çy­kyş et­jek to­par­la­ryň tä­lim­çi­le­ri 23 döw­le­te we­kil­çi­lik ed­ýär. Ýag­ny, 32 tä­lim­çi 23 döw­let­den bo­lup, ola­ryň ara­syn­da ar­gen­ti­na­ly­lar öň­de bar­ýar. 32 ýy­gyn­dy­nyň 4-si­niň tä­lim­çi­lik ýü­ki ar­gen­ti­na­ly­la­ryň ger­de­ni­ne ýük­le­nen. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­na Hor­ge Sam­pao­li tä­lim­çi­lik ed­ýär. Us­sat tä­lim­çi 2015-nji ýyl­da fi­nal­da Ar­gen­ti­na­dan üs­tün çy­kan Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy­na Ko­pa Ame­ri­ka ku­bo­gy­ny ga­zan­dy­ryp­dy. Beý­le­ki ar­gen­tin tä­lim­çi­le­ri-de meş­hur Hek­tor Ku­per Mü­sü­riň ýy­gyn­dy­sy­na, tej­ri­be­li Ho­ze Pe­ker­man Ko­lum­bi­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­na hem-de Ri­kar­do Ga­re­ka Pe­ru döw­le­ti­niň fut­bol to­pa­ry­na tä­lim ber­ýär. Çem­pio­nat­da ar­gen­tin­ler­den soň, 3 to­par is­pan tä­lim­çi­le­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Rus­si­ýa 2018-de çy­kyş eder. Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na Hu­len Lo­pe­te­gi, ýyl­dyz­lar­dan do­ly Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na-da Ro­ber­to Mar­ti­nes hem-de Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li to­pa­ry­na tä­ze­lik­de bel­le­nen Hu­an An­to­nio Piz­zi tä­lim bererr.
Ko­lum­bi­ýa­dan 2 tä­lim­çi bo­lup, ola­ryň iki­si-de baş­ga ýurt­la­ryň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň tä­lim­çi­si hök­mün­de çem­pio­na­ta gat­naş­ýar. Hu­an Kar­los Oso­rio Mek­si­ka­nyň, Her­nan Da­rio Go­mes il­kin­ji ge­zek çem­pio­na­ta gat­naş­ýan Pa­na­ma tä­lim ber­ýär. Futbolda Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­dan Fran­si­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa­dan hem-de Por­tu­ga­li­ýa­da­nam 2 tä­lim­çi Rus­si­ýa 2018-iň myh­ma­ny bo­lar. Çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gä­ri Fran­si­ýa ozal­ky meş­hur fut­bol­çy Di­die De­şam, onuň wa­tan­da­şy Erwe Re­nar bol­sa, 2 ýyl­dan bä­ri Ma­rok­ko­nyň tä­lim­çi­si bo­lup iş­le­ýär. Ger­ma­ni­ýa Ýoa­him Lö­wüň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 3-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­sa, Af­ri­ka yk­ly­my­nyň güýç­li ýy­gyn­dy­sy Ni­ge­ri­ýa­nyň mil­li to­pa­ryn­a-da ger­ma­ni­ýa­ly Ger­not Ror tä­lim­çi­lik ed­ýär. Por­tu­ga­li­ýa yk­ly­myň ku­bo­gy­ny ga­zan­dy­ran Fer­nan­du San­tuş Rus­si­ýa 2018-de esa­sy ýyl­dy­zy Ro­nal­do bil bag­la­ýar. Baş­ga bir por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi Kar­luş Keý­roş 7 ýyl­dan bä­ri Eý­ra­nyň tä­lim­çi­si bo­lup iş­le­ýär. Tej­ri­be­li hü­när­men Eý­ra­nyň mil­li to­pa­ry bi­len 2-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­ýar.
Çem­pio­na­ta gat­naş­ma­ýan ýurt­lar­dan hem 3 tä­lim­çi, has ta­ky­gy, Bos­ni­ýa we ger­se­go­wi­na­ly Wla­di­mir Pet­ko­wiç Şweý­sa­ri­ýa­nyň, 2010-njy ýyl­da Ni­der­land­la­ra kü­müş me­dal ga­zan­dy­ran, tä­ze we­zi­pe­si­ne bel­le­ne­ni­ne köp wagt geç­me­dik gol­lan­di­ýa­ly Bert Wan Mar­wiýk bu ge­zek Awst­ra­li­ýa­nyň hem-de nor­we­gi­ýa­ly Oge Ha­reý­de Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim be­rer. Umu­man al­nan­da, 32 ýy­gyn­dy­nyň 13-si­ne da­şa­ry ýurt­ly tä­lim­çi­ler tä­lim­çi­lik ed­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, şu wag­ta çen­li da­şa­ry ýurt­ly tä­lim­çi­le­re ku­bok ga­zan­mak mi­ýes­ser et­män­di.