Ýoa­him Löw Bra­zi­li­ýa 2014-de çem­pi­on bo­lan ýy­gyn­dy­dan 9 oýun­çy­ny Rus­si­ýa 2018-e hem ça­gyr­dy. Mun­dan öň­ki çem­pio­na­ta Wi­sen­te Del Bos­ke Gü­nor­ta Af­ri­ka 2010-da çem­pi­on bo­lan Is­pa­ni­ýa­dan 16 oýun­çy­ny ýe­ne-de dü­zü­me go­şup­dy.
736 oýun­çy­nyň 53-si ozal­ky Dün­ýä Ku­bo­gyn­da gol ge­çir­me­gi ba­şa­ran fut­bol­çy­lar­dyr. To­mas Mül­le­riň 10, Ha­mes Rod­ri­ge­siň 6, Tim Ka­hil­liň, Gon­za­lo Hi­guai­niň, Lio­nel Mes­si­niň hem-de Lu­is Sua­re­siň 5 go­ly bar.
736 oýun­çy­nyň ara­syn­da Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren oýun­çy­lar Ra­fa­el Mar­kes bi­len Ha­wi­er Mas­ke­ra­no­dyr. Ola­ryň iki­si-de 16 ge­zek meý­dan­ça çyk­dy. Lio­nel Mes­si 15, Me­sut Özil 14, To­mas Mül­ler, Ma­nu­el No­ýer, Ser­hio Ra­mos hem-de Kris­tia­no Ro­nal­do 13 oýun ge­çir­di.
2 fut­bol­çy 12 ýyl­dan soň, ýe­ne-de Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­ýar. Olar soň­ky sa­par Ger­ma­ni­ýa 2006-da çy­kyş eden Kos­ta ri­ka­ly Ran­dall Azo­fei­fa bi­len pol­şa­ly Lu­kaş Fa­bians­ki­dir. Fa­bians­ki şol çem­pio­nat­da hiç bir du­şu­şyk­da-da oý­na­man­dy.