Dünýä Kubogyna gatnaşýan 32 ýygyndynyň 12-si dünýä belli nemes kompaniýasy “Adidas”-yň öndüren köýnekçesini geýer. Olaryň arasynda Argentina, soňky çempion Germaniýa, Ispaniýa ýaly çempionlygyň dalaşgärleri, şol sanda ýer eýesi Russiýa, güýçli düzümi bilen tanalýan Belgiýanyň ýygyndylary bar. Amerikan şereketi “Nike” tarapyndan öndürilen köýnekçeleri geýýän ýygyndylaryň sany 10-a deň bolup, olaryň iň esasysy 5 gezek çempion bolan Braziliýadyr. Şeýle-de iňlisdir fransuz hem-de portugal futbolçylary-da “Nike” kompaniýasynyň köýnekçelerini geýýär. Başga bir nemes şereketi “Puma”-nyň köýnekçelerini-de ilkinji çempion Urugwaý bilen bir hatarda jemi 4 ýygyndy geýer. ABŞ-nyň “New Balance” kompaniýasynyň taýýarlan köýnekçeleri bilenem Demirgazyk Amerikanyň 2 wekili – Kosta Rika hem-de Panamanyň ýygyndylary meýdança çykar. Iňlis şereketi “Umbro”, daniýalylaryň meşhur kompaniýasy “Hummel”, italýanlaryň “Errea” hem-de nemesleriň “Uhlsport” kompaniýalarynyň hersi 1 topary köýnekçe bilen üpjün eder.
Ilkinji 4 çempionatda çempion bolan toparlaryň haýsy köýnekçede çykyş edendigi barada anyk maglumat ýok. Ýöne ondan soňky 16 çempionatyň 7-sinde “Adidasyň” (Germaniýa – 1954, 1974, 1990, 2014; Argentina – 1978; Fransiýa – 1998, Ispaniýa – 2010), 3-sinde brazilleriň “Athlete” (Braziliýa – 1958, 1962, 1970), 2-sinde fransuzlaryň “Le Coq Sport” şereketiniň (Italiýa – 1982, Argentina – 1986), 2-sinde “Umbro” (Angliýa – 1966, Braziliýa – 1994), 1-inde “Nike” (Braziliýa – 2002) bilen “Puma” (Italiýa – 2006) kompaniýalarynyň köýnekçelerini geýen toparlar çempion boldy.
“ADIDAS” (12) — Argentina, Belgiýa, Eýran, Germaniýa, Ispaniýa, Kolumbiýa, Müsür, Ýaponiýa, Meksika, Marokko, Russiýa, Şwesiýa.
“NIKE” (10) — Awstraliýa, Angliýa, Braziliýa, Fransiýa, Günorta Koreýa, Horwatiýa, Nigeriýa, Polşa, Portugaliýa, Saud Arabystany.
“PUMA” (4) — Senegal, Serbiýa, Şweýsariýa, Urugwaý.
“NEW BALANCE” (2) — Kosta Rika, Panama.
“UMBRO” (1) — Peru.
“HUMMEL” (1) — Daniýa.
“ERREA” (1) — Islandiýa.
“UHLSPORT” (1) — Tunis.