Russiýada geçiriljek XXI Dünýä Kubogyna 32 ýygyndy we olaryň hersindenem 23, jemi 736 futbolçy gatnaşar. Şol 736 futbolçydan 200-siniň öňdenem Dünýä Kubogy tejribesi bar. Ýagny 200 futbolçynyň 186-sy Braziliýa 2014-de, 61-si Günorta Afrika 2010-da, 21-si Germaniýa 2006-da hem-de biri, olam meksikaly Rafael Markes Koreýa/Ýaponiýa 2002-de çykyş edipdi. Şeýlelikde, Rafael Markes Dünýä Kubogyna 5 gezek gatnaşan Antonio Karbahala, Lotar Matteus we Janluji Buffondan soň, 4-nji futbolçy bolar.